Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy kitaby üçin dört ýyl türmä höküm edilen žurnalisti boşatdy


Zulpukar Sapanow
Zulpukar Sapanow

Bişkegiň sudy çap eden kitaby üçin dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilen gyrgyz žurnalistini boşatdy.

Bişkegiň şäher sudy 29-njy sentýabrda Zulpukar Sapanowyň tussaglyk möhletini bir ýyllyk şertli tussaglyga çalyşdy. Žurnalist suduň jaýynda boşadyldy.

Suduň Sapanowy boşatmak karary Bişkegiň sudunyň onuň “Kydyr Sanjrasy” atly kitabynyň “yslamyň din hökmünde roluny kemsidýär we musulmanlara negatiw garaýyşlary döredýär” diýen netijä gelmeginden 17 gün geçensoň yglan edildi.

Sapanowyň 12-nji sentýabrda dört ýyl türmä höküm edilmegi Gyrgyzystanda we ýurduň daşynda adam hukuklarynyň goraýjylarynyň arasynda nägilelik döredipdi.

XS
SM
MD
LG