Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ kürtleriň garaşsyzlyk referendumyny ykrar etmeýär, birlige çagyrýar


Yrak kürtleri referendum netijelerini baýram edýär.
Yrak kürtleri referendum netijelerini baýram edýär.

Birleşen Ştatlar Yragyň awtonom kürt regionynda 25-nji sentýabrda geçirilen garaşsyzlyk referendumynyň netijelerini ykrar etmeýär diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň 29-njy sentýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda bu referendumyň netijeleriniň “kanuny däldigi” bellenip, ABŞ-nyň “birleşen, federal, demokratik we gülläp ösýän Yragy” goldaýandygy aýdylýar.

Tillerson “ähli taraplary, şol sanda Yragyň goňşularyny hem birtaraply hereketlerden we güýç ulanmakdan el çekmäge” çagyrdy.

Yrak kürtleri referendumda aglaba garaşsyzlyga ses berdiler. Bagdat bu çärä regionyň daşarky dünýä bilen göni howa aragatnaşyk liniýalaryny kesmek bilen jogap berdi.

XS
SM
MD
LG