Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň saglyk sekretary hususy uçarlar üstünde işden çekildi


ABŞ-nyň saglyk we adam hyzmatlary sekretary Tom Praýs (Price)

ABŞ-nyň saglyk we adam hyzmatlary sekretary Tom Praýs (Price) 29-njy sentýabrda, işe dahylly syýahatlarda kommersiýa uçarlaryny ulanmagyň deregine gymmatbaha hususy uçarlary ulanmakda gaýtadan tankyt edilenden soň, işden çekildi.

Onuň işden çekilmegi öz uçar tölegleriniň diňe az bölegini salgyt töleýjilere gaýtaryp berjegini aýdan gününiň ertesine gabat geldi.

Şeýle-de ol maý aýyndan bäri hususy uçarda eden 26 syýahaty üçin ötünç sorady, bu syýahatlar salgyt töleýjilere 400 müň dollara düşdi.

Hökümet resmileri, eger milli howpsuzlyk meselesi bilen bagly bolmasa, işe degişli syýahatlar üçin kommersiýa uçarlaryny ulanmaly.

Praýsyň syýahatlary boýunça geçirilen derňewler onuň hususy uçarlarda eden saparlarynyň 1 million dollardan gowrak serişdä düşendigini, munuň üstesine onuň daşary ýurtlara harby uçarlarda eden saparlarynyň hem goşulmalydygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG