Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan agdarylyşyk aýyplamasy bilen oppozision deputaty tussag etdi


Kanatbek Isaýew

Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlyk gullugy oppozisiýadaky deputat Kanatbek Isaýewi ýurduň ýetip gelýän prezident saýlawlaryndan öň we soň pitneçiligi planlaşdyrmakda aýyplap, tussag etdi.

Howpsuzlyk gullugy 30-njy sentýabrda Isaýewiň jenaýatçy toparlar bilen 15-nji oktýabr saýlawlarynyň töwereginde köpçülikleýin bidüzgünçilik gurnamak we “häkimiýeti zor bilen ele geçirmek” barada dil düwüşendigi sebäpli tussag edilendigini habar berdi.

Guramaçylykly jenaýat toparlarynyň hem “käbir agzalary” tussag edildi diýip, DHK-nyň beýanatynda aýdylýar, emma başga detallar açylmaýar.

Howpsuzlyk gullugy Isaýewiň oppozisiýa kandidaty we ozalky premýer-ministr Ömürbek Babanow saýlawlarda ýeňilse, agdarylyşyk geçirmegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

DHK-nyň beýanatynda tassyklanmagyna görä, Isaýew adamlary seçip, olara pul töläp, şol sanda “ýaş adamlary, jenaýat toparlarynyň agzalaryny” “ses berişligiň netijeleriniň galplaşdyrylmagy” bahanasy bilen Gyrgyzystanyň prezident saýlawlary mahalynda we ondan soň bikanun işlerde ulanmaga taýýarlapdyr.

Şeýle-de beýanatda Isaýewiň guramaçylykly jenaýat toparyna bu plany amala aşyrmak üçin “uly möçberde” pul tölemekde aýyplanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG