Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kataloniýanyň referendumynda ses berijileriň 90%-niň garaşsyzlygy saýlandygy aýdylýar


Barcelona, 1-nji oktýabr, 2017
Barcelona, 1-nji oktýabr, 2017

Kataloniýanyň resmileri regionyň Ispaniýadan özbaşdaklygy boýunça geçirilen referendumda gatnaşyjylaryň 90%-niň oňyn ses berendigini aýtdylar.

1-nji oktýabrda geçirilen referendumyň deslapky netijeleriniň yglan edilmeginiň yzýany Kataloniýanyň prezidenti Karles Puigdemont telewideniýeden görkezilen çykyşynda “bu umytly we ejirli günde Kataloniýanyň raýatlary respublika görnüşli garaşsyzlyga mynasypdyr” diýdi.

Referendum we onuň yzýany Ispaniýanyň polisiýasynyň ses berijileriň saýlaw nokatlaryna barmagynyň öňüni almaga synanyşmagynyň netijesinde Kataloniýada we tutuş ýurtda dartgynlylyk döredi.

Ses berişlik Ispaniýanyň Konstitusion sudy tarapyndan gadagan edildi.

Kataloniýanyň häkimiýetleri ses berişlik bilen baglylykda azyndan 844 adama “medisina taýdan ünsüň zerurdygyny” aýtdy, emma näçe adama zyýan ýetendigi ýa-da ýaralanandygy nämälim galýar.

Polisiýa azyndan 33 işgäriniň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG