Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Las Wegasda 50-den gowrak adam wepat boldy, 200-den gowrak ýaralandy


Las Wegasyň polisiýasy we tiz kömek işgärleri

Polisiýa ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde bolan ok atyşygynda 50-den gowrak adamyň wepat bolandygyny we 200-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Ok atyşygy amala aşyrmakda güman edilýän adam awtomat tüpeňini ulanyp, “Mandalay Bay” myhmanhanasynyň 32-nji gatyndan adamlary oka tutdy we gysga wagtyň içinde polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi diýip, polisiýanyň metbugat-wekili Joe Lombardo 2-nji oktýabrda geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Las Wegasyň polisiýasy 1-nji oktýabrda agşam saz festiwalynda ýüze çykan bu hadysada iş başynda bolmadyk birnäçe polisiýa işgäriniň wepat bolandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň häkimiýetleri hüjümçiniň ýeke bolandygyny hasap edýär. Lombardo polisiýanyň hüjümçi bolmakda güman edilýän adamyň ýanynda bolan Mari Lou Danley atly aziýaly zenany gözleýändigini aýtdy. Polisiýa hüjümçi bolmakda güman edilýän adamyň adyny Stefen Paddok (Stephen Paddock) diýip agzady.

Häkimiýetler Las Wegasyň käbir böleklerini we köçeleri ýapdy. MakKaran (McCarran) halkara aeroportuna barýan käbir uçarlar yzyna öwrüldi.

"Yslam döwleti" topary Las Wegasdaky ok atyşygyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we ok atan adamyň yslam dinini kabul edendigini aýtdy, emma subutnama bermedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG