Aşgabadyň käbir awtobuslarynda plastik kartlar arkaly tölegleri kabul edýän enjamlaryň işlemeýändigi we munuň ýolagçylara bökdençlik döredýändigi aýdylýar.
Ýatladyp geçsek, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Aşgabat şäherinde ilata hyzmat edýän awtobuslaryň töleglerini ýörite plastik kartlar arkaly amala aşyrmak barada aýdylansoň, bu düzgüniň 1-nji oktýabrdan güýje girjekdigi mälim edilipdi.
Aşgabadyň ýaşaýjysy, 40 ýaşly Sonanyň sözüne görä, awtobuslarda töleg üçin ýola goýlan bu usul ilkinji günlerden başlap ýolagçylar üçin kynçylyk döredip başlady.
“Men Çoganly şäherçesinden 36 belgili awtobusa münüp şähere gaýdanymda, Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrundaky ‘Jennet’ bazarynyň awtoduralgasyna çenli plastik karty kabul edýän enjam işläp gelýärdi. Adatça ýolagçylar töleg kartlaryny enjama goýanlarynda, ‘töleg kabul edildi’ diýip jogap berýär. Emma ‘Jennet’ bazaryň duralgasynda awtobusa münen ýolagçylar töleg kartyndan peýdalanyp bilmediler, kartlary kabul edýän enjam işlemedi” diýip, Sona aýdýar.
Onuň sözüne görä, ýolagçylar sürüjiden näme etmelidigini soranda, sürüji ýolagçylardan nagt hasaplaşmagy talap etdi. “Emma ýolagçylar muňa nägilelik bildirenden soňra, sürüji ‘bolýar, tölemän düşüberiň, sizde günä ýok’ diýip jogap berdi” diýip, Sona aýtdy.
Şeýlelikde, 20-ä golaý ýolagçynyň öz plastik kartlary arkaly awtobus tölegini amala aşyryp bilmändigini sözüniň üstüne goşdy.
Aşgabadyň käbir awtobuslarynda plastik kartlar arkaly tölegleri kabul edýän enjamlaryň işlemeýändigini diňe Sona däl, şäheriň dürli sebitlerinde ýaşaýan onlarça ýaşaýjy tassyklaýar.
“Munuň sebäplerini sürüjiden soranyňda, olaram ‘bizem bilemzok käte işleýär, käte ilänok’ diýip jogap berýärler. Bu enjamlar täzelikde işe girizildi, belki, düzedilmeli käbir kemçilikleri bardyr” diýip, aşgabatly 54 ýaşyndaky Bagtygül aýdýar.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabadyň käbir banklarynda, poçta bölümlerinde we kitap dükanlarynda 5 manatdan satylýan bu plastik kartlaryň üç görnüşi bolup, olar studentler, pensionerler we adaty şäher ilaty üçin niýetlenen.
Azatlyk Radiosy paýtagtyň käbir awtobuslarynda plastik kartlardan tölegleri kabul etmek üçin niýetlenen enjamlaryň işlemeýändigi barada Türkmenistanyň Awtoulaglar ministrligi bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.