Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Döwlet dükanlarynda çilim çäkli möçberde gaýtadan satylyp başlandy


Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilim çäkli möçberde gaýtadan satuwa çykaryldy.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berleni bäri, döwlete degişli dükanlarda çilim käte satuwa çykarylsa, käte ýitirim bolýar.

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda çilim iň soňky gezek şu ýylyň iýun aýynda satuwa çykarylyp, şonda her bir adama günde bir guty çilim 25 manatdan satylypdy.

Edil häzirki wagt çilimiň satuwy nähili görnüşde amala aşyrylýar? Her bir adam günde näçe guty çilim satyn alyp bilýär?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG