Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow howpsuzlyk geňeşini geçirip, prokurorlary, sudýalary wezipä belledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji oktýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, prokurorlary we sudýalary işden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky kararlara gol çekdi, emma mejlisde maý aýyndan bäri berlen käýinçler, berk käýinçler we duýduryşlar agzalmady.

Döwlet eýeçiligindeki TDH habar gullugynyň maglumatyna görä,mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Şol bir wagtda türkmen telewideniýesinde berlen we resmi websaýtlarda çap edilen şol bir habardan hiç bir anyklyk görünmeýär; degişli ýolbaşçylar öz garamagyndaky edaralardaky anyk ilerlemeler ýa-da ozalky berlen käýinçlerden, tankydy belliklerden çykarylan netijelerbarada, näme üçindir, anyk zatlary aýtmaýarlar.

Bu ýylyň dokuz aýy, hususan-da maý aýyndan bäri, korrupsiýa garşy yglan edilen göreş, ilki baş prokuroryň, soň baş sudýanyň işden boşadylmagy, içeri işler we milli howpsuzlyk ministrlerine berlen käýinçler we duýduryşlar, onlarça resminiň korrupsiýada aýyplanmagy we tussag edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň territoriýasyna syzyp girendigi aýdylan jeňçiler baradaky habar bilen baglylykda, ýurtda kanunçylygyň berjaý edilişi barada çynlakaý soraglary döredipdi.

Şeýle-de prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maý aýyndan bäri geçirilen mejlislerinde korrupsiýa we parahorluga garşy berk göreşjekdigini gaýtalap, sud, prokuratura, hususan-da Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugyndan anyk işleri taklap etjekdigini nygtapdy.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň soňky wagtlarda beren maglumatlaryna görä, korrupsiýa garşy göreş gullugy dogrudanam berk işleýär we Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan soň ykdysady jenaýatlarda aýyplanan adamlaryň ýene onlarçasy barada, bölekleýin hem bolsa, habar berilmegine garaşylýardy.

Emma TDH-nyň habarynda ilat arasynda käbir umytlary döredendigi aýdylýan täze gullugyň başlygy Mämmethan Çakyýewiň hasabatyndan bir jümle hemgetirilmeýär we başda onlarça korrupsiýa işiniň üstüni açan täze gullugyň soňky aýlardaky işi ilata nämälim bolmagynda galýar.

Emma prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynda sitirlenýän sözlerinde tassyklamagyna görä, täze döredilen döwlet gullugynyň esasy wezipeleriniň biri “döwlet edaralarynyň hem-de ýurduň kompaniýalarynyň işiniň açyklygyny ýokarlandyrmakdan” ybarat bolmaly.

Şol bir wagtda prezidentiň wezipeden boşatmak we wezipä bellemek baradaky kararlaryna Türkmenistanyň "Prokuratura hakyndaky" kanunynyň 16-njy maddasyna, "Kazyýet hakyndaky" kanunynyň 54-nji we 73-nji maddalaryna laýyklykda gelendigi habar berilýär.

Wezipä bellenen prokurorlaryň we sudýalaryň sanawy “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynda çap edildi.

Berdimuhamedow milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowyň hasabatyny diňläp, bu edaranyň işgärleri tarapyndan geçirilýän işleriň örän wajypdygyny belledi diýip, TDH ýazýar.

Döwlet baştutany 30-njy sentýabrda, MHM-niň döredilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli çap edilen gutlagynda howpsuzlyk ministrliginiň esasy wezipeleriniň biriniň ýurtda oňaýly jemgyýetçilik-syýasy klimaty kemala getirmekden ybaratdygyny aýdypdy hem-de olary korrupsiýa garşy göreşe çagyrypdy.

Şondan soň sosial ulgamlarda bu edaranyň işgärleriniň aýlyklaryň köpeljegi we beýlekiler baradailata umyt beriji gürrüňleri ýaýradýandygy barada resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumat peýda boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG