Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur alyma öwrülen Eýnşteýne aýalynyň uly kömegi degipdir


Albert Eýnşteýn we onuň ilkinji aýaly Milewa Mariç
Albert Eýnşteýn we onuň ilkinji aýaly Milewa Mariç

"Men nikada iki gezek ýeňlişe duçar boldum we galan ömrümde mynasyp ýarymy tapyp bilmedim, bolmady..."

Albert Eýnsteýn

Eýnşteýniň öz kakasynyň sowgat eden kompasyndan başlap, Otnositellik (lat.: Relatiwlik) teoriýasyna barýança we ondan soň Nobel baýragyna mynasyp görülýänçä geçen durmuş ýoly köpçülige mälimdir. Emma beýik alymyň fizika laboratoriýalaryndan daşarda geçen şahsy durmuşyna bildirilýän gyzyklanma hem az-kem däl. Alymy "E=mc2 –" netijesine ýetiren we dünýäniň fizika akymyny nähili üýtgedendigi barasynda Walter Isaacson "Eýnşteýn: Onuň durmuşy we dünýäsi" atly kitabynda maglumat berýär. "Okuw zaly" şol kitapdan bir bölegi dykgatyňyza hödürleýär.

Halanmaýan ogul

Albert dünýä inende ejesi Paulina Eýnşteýn: "Eý, Hudaý, beýle-de bir betnyşan çaga bolar oguşýa" diýip, zarynlandygyny ýatlandygy gürrüň berilýär. Şonda ýaňyja dünýä inen bäbegiň äpet kellesi onuň ene-atasyny diýseň biynjalyk eden ekeni. Oglanjygyň betnyşan kellesi birnäçe hepde geçenden soň adaty görnüşe öwrülenem bolsa, Albertiň göwresi çepiksije görünýärdi. Betnyşanlykdan daşaryn çagajyk gaty ýuwaş ulalýardy we kämilleşýärdi. Üç ýaşyna çenli gepläp bilmändi. Dokuz ýaşyna çenli bolsa, sözlemleri taýýarlanman aýdyp bilmeýärdi. Oglanjyk şeýlelikde, şol bir zady telim gezek gaýtalap, gaty kyn gepleýärdi.

Albert Eýnşteýn, 1882-nji ýylda üç ýaşynda
Albert Eýnşteýn, 1882-nji ýylda üç ýaşynda

Üstesine göräýmäne utanjaň we ýuwaş bolan Albert kämahal tutgaýy tutup, gaty gaharlanan wagtynda, töweregindäki adamlara zyýan ýetirýär ekeni. Şeýlelikde, bir gezek onuň gyz jigisi Maýýa geljekki beýik alymyň gahar-gazap tutgaýy tutan mahaly birden eline düşüpdir we onuň kellesine tarap agyr bir zady aýlap salypdyr. Fizik soň-soňlaram telim gezek hut şeýle gazaply tutgaýlary başdan geçirmeli bolupdyr.

Ene-atasy öz ogluny şeýle sebäplerden o diýen halap hem durmandyr. Albert ýönekeýje sözlemleri gurup ýa-da gaýtalap bilmeýän halatynda, olaryň içi ýanyp, çagajygy kämilleşip bilmeýän şikesli hasap edipdirler. Oglanjyk saglyk problemalary sebäpli öz ene-atasyna agram salyp ýük bolupdyr.

Eýnşteýn 15 ýaşyna gadam basanda, maşgalasy ony taşlap Milana göçmeli diýen karara gelipdir. Ol gimnaziýada hötdesinden gelip bilmedik, başaryp bilmedik okuwyny hem goýbolsun etmäge mejbur bolupdyr. Mugallymlar ýönekeýje mysallary çözüp bilmeýändigi sebäpli ony akmak hasaplapdyrlar. Ýöne Eýnşteýn kämillik ýaşyna ýetende şeýle diýipdir: "Biziň hemmämiz ägirt aslynda. Ýöne siz balyga onuň agaja dyrmaşyp bilmeýändigi nukdaýnazaryndan baha berseňiz, ol tutuş ömrüni özüni akmak hasaplap geçirer".

Albert dogabitdi tutgaýy üçin diýseň binyjalyk bolýardy. Ol ýigrenýän gimnaziýasyny gyssagly terk etmäge howlugypdyr, hatda özbaşyna otly petegi bolmazdan we orta bilim şahadatnamasyny almazdan, Italiýa ýola düşmeli bolupdyr.

Ondan soň geň galynmajak ýagdaýda Eýnşteýniň öz ýanlaryna gelmegine maşgalasy hiç hoşal bolmandyr. Ejesi Paulina we kakasy German onuň gimnaziýany gutarman, özbaşyna terk edip gaýtmagyna diýseň gazaplanypdyr. Munyň asyl sebäpkäriniň bolsa, başga ýurda gaçan ene-atasynyň hut özi bolup durýandygy hakdaky pikir, näme üçindir, şonda olaryň aňyna gelmändir.

Öz ugruňy kesgitlemek

Sýurih politehnikumyna kabul ediş synaglary tamamlanandan soňra onuň "ömürboýy" okamaga iberilen ýeri bolan Asrau gimnaziýasynda bolsa, okuwçylaryň gep-gürrüňleri Eýnşteýniň kellesini agyrtýardy.

Albert Eýnşteýn
Albert Eýnşteýn

O ýygy-ýygydan skripka çalýardy we hatda kontrabasçy Hans Biland bilen bilelikde çykyş edýärdi. Soň onuň dosty gimnaziýa döwründäki Alberti diýseň takyk suratlandyrypdyr: "Ol şar-gara uzyn saçlarynyň üstüne zömmerip duran papak geýip, özüni gaty ynamly alyp barýardy. Göýä diýersiň, tutuş dünýäni öz içine çekip ýuwdany üçin biynjalyk bolýan ýaly ynjalyksyz ruhy ony öz gününe goýanokdy. Dälirän ýaly eýläk-beýläk howlukmaç ädimler edýärdi. Ullakan, peträp duran gara gözlerinde bolsa hiç hili bir many ýokdy. Onuň bilen gürrüňdeş bolanlar, onuň diýseň giň gözýetiminiň täsiri astynda galdylar".

Albert Eýnşteýn gimnaziýada öz halaýan zatlary bilen meşgullanýardy. Okuwçylar edil Ulmda bolşundan tapawutlylykda, onuň dogabitdi kemçilikleri sebäpli üstünden gülmeýärdiler. Şonuň üçinem onuň okuwda çekýän kynçylyklary wagtyň geçmegi bilen düzeldi. Ýöne Eýnşteýniň bagty Politehnikumda beýle bir çüwmedi. Ýene çäksiz erkinligi we özüni özbaşdak alyp barşy sebäpli, mugallymlar ony orta mekdepden hem has beter gysmaga başlapdyrlar. Albert studentleriň uýmaly kadalaryny we mejbury edilýän tilsimleri halamaýardy. Ol hemişe hemme zady özüçe edýärdi. Professorlar fizika ýaly ylymdan baş alyp çykyp bilmejegini Alberte telim gezek aýdypdyrlar. Ol bolsa hemişe diýseň parahat ýagdaýda şeýle jogap beripdir: "Diňe absurd pikir edýänler mümkin bolmaýany etmegi başarýandyr". Eýnşteýn Politehnikumy diplom we tutuş professor toparynyň oňaýsyz çemeleşmegine garamazdan gutarmany başarypdyr. Oňa maşgalada, ne nemes gimnaziýasynda, ne-de ol ýerde düşünýän bolmandyr.

Fizik bilen matematigiň hyzmatdaşlygy

Eýnşteýniň täleýinde oňaýly rol oýnanlardan biri owaly bilen bile okaýan kursdaşy, soň hem aýaly bolan asly serb fizikaçy Milewa Mariçdir. Olaryň özara gatnaşygyna adamynyň başyny aýlaýan yşk ody sebäp bolmandyr. Olaryň arasyny baglaýan bag birek-birege düşbilik bolupdyr. Bu utgaşyklylyk olary jebisleşdiripdir.

Politehnikumda Milewa we Albert ýagşy dost bolupdyr. Olar adaty bilim ulgamynyň kabul edip bilmeýän iki sany adatdan daşary ukyply talanty ekeni. Olara ýöňkelýän töhmetler we görkezilýän garşylyklar, gaýtam dostlugyň berkemegine getiripdir. Şonuň üçinem şeýle gatnaşygyň maşgala gatnaşygyna öwrülmegi tötänlik bolmandyr.

Olar durmuş gurmak isläpdir, emma welin Eýnşteýniň ene-atasy muňa çürt-kesik garşy çykypdyr. Görk-görmegi bolmaýan, agsak, okuwda problemalary bolan we üstesine-de 4 ýaş uly bir gyz – şeýle oglana mynasyp taý däl ekeni. Muňa garamazdan, Milewa bolsa olary öňürdipdir. Politehnikumy tamamlamaga maý tapyp bilmeýän Albert bilen onuň birden Lizerl atly gyzjagazy dünýä inipdir. Milewanyň pikirine görä, bäbegiň dünýä inmegi gaýyn ene Paulina Eýnşteýniň hökman ýüregini ýumşadaýmaly we ony oglunyň nikalaşmagyna razylyga yrmalydy. Ýöne Paulina gapyny olaryň ýüzüne bat bilen ýapyp goýberipdir we bäbegi görmekden gaça durupdyr. Şeýlelikde, enesiniň görmek islemedik bäbek agtyjagy iki ýyl hem ýaşap bilmän aradan çykypdyr.

Fizika ylmynyň kämilleşmeginde bolan öňegidişliklerde köp zady Milewa Mariçe borçludyr. Ahyrynda kaka German Eýnşteýn gaty gijem bolsa, ölüm ýassygynda ýatyrka, ogluna nikalaşmagy üçin razylyk bildiripdir we ondan soň kanuny taýdan är-aýal bolan ýaş çatynja özlerini ylym bilen maşgala bagyş edipdir. Ýöne Albertiň söýgülisine bolan yşky duýgulary gysga wagtyň içinde birtaraply talaplara öwrülipdir. Ol toýuň edil öňüsyrasynda adaglysyna bilelikde ýaşamagyň şertlerini şeýle aýan edipdir: "Eger meniň saňa öýlenmegimi isleýän bolsaň, onda meniň şertlerim bilen razylaşmaly bolarsyň. Olar ynha şeýle: birinjisi, eginbaşym we ýorgan-düşekler esasy aladaň bolmaly, ikinjisi: günde üç wagtyna iş otagyma nahar getirmeli bolarsyň, üçünjisi: jemgyýetde hökmanylyk bolanlardan daşaryn meniň golaýyma gelmekden gaça durmaly bolarsyň, dördünji: senden haýyş eden mahalym hemişe şol pursatda ýatýan otagymyz bilen iş otagymy terk etmeli bolarsyň, bäşinjisi: gyşarnyksyz ýagdaýda meniň üçin ylmy hasaplary ýerine ýetirmeli bolarsyň, altynjy şertim: menden hiç haçan şo bada öz içerki duýgylaryňa gaýtargy talap etmeli dälsiň".

Milewa ähli şertler bilen razylaşdy

Dogrusyny aýtmaly bolsa, Mariç äriniň ähli işlerini gerdeni bilen çekýärdi. Alym ýakyn aragatnaşygy bolan adamlaryna wyždanly ýagdaýda şeýle diýýärdi: "Işleriň aglaba bölegini meniň deregime aýalym edýär". Olar şeýlelikde iki sany ägirt ukyply adamyň, ýagny fizikaçy bilen matematikaçynyň has öndürijilikli hyzmatdaşlygyny ýola goýupdyrlar. Eger Albertiň ýüregi has köp zady talap etmedik bolsady, onda Eýnşteýnler Kýurilere meňzäp, taryhda hem galyp bilerdiler. Olar fizikanyň çuňluklaryna näçe aralaşdygyça, şonça düşünişmezlikler ýüze çykdy. Eýnşteýn köşeşmegiň ýoluny bolsa başga zenanlar bilen gözledi.

Ondan soň Milewa Mariçiň şahsyýeti Eýnşteýniň durmuş ýolunda iň möhüm sepgide öwrülýär. Eger olar gabatlaşmadyk bolsa, Albertiň teoriýasynyň doly amala aşjagy, adamlaryň bolsa ony adamzadyň dünýägaraýşynyň ägirdi ýaly hasaplamagy ikiuçludy. Milewa alymyň deregine onuň hut özüniň hem başaryp biljek işlerini amala aşyrdy. Öwezine bolsa hyýanat, aýrylyşmak we äriniň ýigrenç duýgusy bilen, üstesine-de onuň Nobel baýragyny hem gazandy.

Öz ganyndan bolan aýaly

Albert Eýnsteýn we onuň ikinji aýaly Elsa Löwenthal
Albert Eýnsteýn we onuň ikinji aýaly Elsa Löwenthal

Ondan soň Eýnşteýniň ikinji ýanýoldaşy onuň şahsy durmuşyna goşulyşmady. Alymyň kakasynyň doganoglanynyň gyzy, soň hem aýaly bolan Elsa Löwenthal fizika hiç hili düşünmeýärdi.

Ol aýal diňe öz adamsyna hyzmat edýärdi. Hatda özi öýde bolaýanda-da, onuň oýnaşlaryny öýe getirmegine rugsat berýärdi we olara hezzet-hormatyňam kemini goýanokdy. Elsa hem ilki başda aşyk bolan Albert soň öz aýaly üçin jylawlap bolmaýan bir adama öwrüldi. Aýaly onuň üçin diňe gussaly ýalňyzlykdan sypmaga ýaraýan gaçybatalgady.

Elsa Löwenthal Eýnşteýniň ylmy hyjuwyny möwjetmedi, emma oňa maşgala ojagynyň mähirini sowgat etdi. Alym aýalynyň ýanynda özüni diýseň bagtly hasaplaýardy. Onuň hut öz öýüne getirmegine rugsat beren zenanlary bilen bolsa alym özüni goşa bagtly duýýardy. Wepaly aýaly ondan nägile bolmaýardy. Pul berýärdi we aýaly-da onuň işlerine goşulyşmaýardy. Eýnşteýn onsoň başga näme islesin?

Içaly zenan

Alymyň ahyrky we iň täsin gatnaşygy, meşhur heýkeltaraşyň aýaly hem sowet aňtaw gullugynyň işgäri Margarita Konenkowa bilen bolupdyr. Eýnşteýn öz heýkeliniň ýasalmagy üçin, Konenkowlaryň ABŞ-daky öýüne gatnaýardy we aýdylyşyna görä, ol şonda ol aýaly ýoldan çykarypdyr.

Nobel baýragynyň eýesi goja adam däli-mejnun kimin ol aýala aşyk bolupdyr. Şonda ony jadylan Margaritanyň ýaşy 45, aşyk Eýnşteýniň bolsa ýaşy ondan 21 ýyl köp ekeni. Ýöne bu olary biynjalyk etmändir.

Söýgüliler öz belleşen pynhan ýerinde duşuşýardy we hatda diňe özleri düşüner ýaly aýlawly syrly sözler oýlap tapýardylar. Eýnşteýn ilkinji gezek diýseň keýplidi. Emma welin Stalin adamsy bilen bilelikde Konenkowany watan borjuny tamamlap, öýüne gaýtmaga çagyrýardy. Şeýlelikde, amerikalylaryň ilkinji atom bombasynyň synagyndan soň meşhur fizikaçy alymyň durmuşyndaky iň öwüşginli bagtyýar pursatlar hem okeanyň aňyrsyna ýüzüp gitdi.

Jemleýji bölüm

Albert Eýnşteýn özüne berlen 76 ýyllyk ömründe ýalňyzlykdan gabat gelen ýoldan gaçmaga synanyşypdyr we ol ýollar ony esasanam köpsanly zenanlar bilen gabatlaşmaga iteripdir. Gazaply ejesi Paulina, birinji aýaly Milewa, Elsa Löwenthal, sowet içalysy Konenkowa we yşk ýolundaky başdan geçirmeler hem ahyrynda beýik fizik alymyň has içgin tanalmagyna kömek edip bilmändir.

Zenanlar onuň durmuşynyň özenini emele getiripdir. Onyň şahsyýetiniň kämilleşmegine getiripdir. Beýik ylmy açyşlary bilelikde etmäge ýa-da oňa ylham bolmaga kömekleşipdir we öwezine diňe onuň ýüregini haýyş edipdirler. Emma onuň ýüregi diňe ylma berlen ekeni.

XS
SM
MD
LG