Sepleriň elýeterliligi

Balkan: Çilim satylyp başlandy, alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjel döredi


Türkmenistanda çilim nobatyna duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Balkan welaýatynyň döwlete degişli dükanlarynda çäkli möçberde çilimiň satylyp başlanandygy we onuň satuwynyň dowamynda, käbir alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjeliň dörändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Balkandaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, 3-nji oktýabrda welaýatyň Bereket etrabyndaky merkezi “Uniwersal” diýlip atlandyrylýan dükanda, Balkanabat şäheriniň 109-njy kwartalyndaky we beýleki sebitlerdäki döwlete degişli dükanlarda her bir adama iki guty çilim satylyp başlandy.

Bir gutusy 25 manatdan satylýan çilimi satyn almak üçin, döwlete degişli dükanlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sanynyň 100-den geçýändigi, emma çilimiň ortaça 45-50 minut wagt aralygynda satylýandygy sebäpli nobata duranlaryň ählisiniň çilimi satyn alyp ýetişmeýändigi aýdylýar.

Munuň netijesinde, käte çilimi satyn alyp bilmedik adamlar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjelleriň döreýändigi, alyjylaryň dükan resmilerini “çilimleri hususy dükan eýelerine satmakda” aýyplaýandygy habar berilýär.

Şeýle wakanyň 4-nji oktýabrda Balkanabat şäherinden 40 kilometr çemesi günorta-gündogarda ýerleşýän Gumdag şäheriniň Köne oba diýlip atlandyrylýan bölegindäki döwlete degişli söwda dükanynda bolandygyny, Azatlygyň Balkandaky çeşmeleri aýdýarlar.

“Satyjylar ‘Bize satmaga berlen çilim gutardy’ diýip aýdypdyrlar. Muňa nägile bolan alyjylar bilen satyjylaryň arasynda edil gyzyl ýumruga girişmeseler-de, onuň bäri ýanyndaky dawa-jenjel, goh-galmagal bolupdyr. Şonda alyjylaram ‘çilimiň getirileni munça az däldi, biz bolup bilse 100 adam bolup nobata durduk. Eger sen şu 100 adamyň hemmesine satanyňda-da, şol 200 guty bolýar. Ýöne sen häzir diňe 50-60 adama çilim satdyň. Şunça az mukdarda çilim getirilen däldir. Bu şäher ýeriniň dükany’ diýip aýdypdyrlar” diýip, häzir Balkana sapar edýän ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew waka şaýat bolanlara salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mundan soň çilimiň söwdasyna gözegçilik edýän polisiýa işgäri polisiýanyň goşmaça narýadyny çagyrýar we öz öýlerine gaýtmaýan adamlara polisiýa uçastogyna äkitmek bilen haýbat atylýar.

“Alyjylaram ‘biz alyjy. Magazine çilimler ýörite faktur, ýagny resmi ýazgy bilen getirilýär. Biz şony göreli, soňra-da dargaly’ diýseler, polisiýa olaryň has öňe omzaýanlaryny polisiýa uçastogyna äkitmek haýbaty bilen gorkuzyp kowupdyrlar. Garaz, adamlary dargapdyrlar, ýöne ilat arasynda nägilelik juda uly” diýip, Bugaýew aýtdy.

Onuň ýaşaýjylara salgylanyp aýtmagyna görä, bu närazylyklaryň döremegine, döwlete degişli dükanlarda çilim satuwa çykarylandan sanlyja sagat soň hususy eýeçilikdäki dükanlaryň ençemesinde hem şol çilimleriň iki esse bahadan, ýagny 45-50 manatdan satylyp başlanmagy sebäp bolupdyr.

“Şol getirilen çilimleri nobata duranlara doly satman, onuň belli bölegini gizläp alyp galýandygy, ony hem hususy dükan eýelerine ýa-da hususy dükan eýeleri bilen aragatnaşykdaky adamlara gymmat bahadan satýandygy hakyndaky gürrüňler wakanyň bolan ýeri Gumdag şäherinde-de, Balkan welaýatynyň beýleki sebitlerinde-de giňden ýaýran gürrüň” diýip, Bugaýew belledi.

Ol bu gürrüňleriň döwlet tarapyndan çilim asla ugradylmaýan käbir döwlete degişli dükan müdirlerine hem oňaýsyz täsir ýetirendigini aýdyp, 4-nji oktýabrda welaýatyň Ballyeşem, Akýaýla, Melegoç we Ýylgynly ýaly obalarynda ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň müdirleriniň Serdar etrap Söwda guramasynyň ýolbaşçylaryna arza bilen ýüzlenendigini we olardan özlerine döwlet tarapyndan çilimiň ugradylmaýandygy barada resmi haty bermegi haýyş edendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Etrap derejesindäki Söwda guramasy ‘biz nirä ugratmalydygymyzy size geňeşmeli däl, eger size ugratmaga degişli mukdarda çilim gelse, size ugradarys. Beýle närazy bolýan bolsaňyz gidip bilersiňiz. Işiňizi taşlaň, arzaňyzy ýazyň. Size derek satyjy bolmaga hem-de berlen görkezmäni sessiz-üýnsüz ýerine ýetirmäge taýyn adamlar köp’ diýip, ýüzlerini alyp, haýbat atypdyrlar” diýip, Bugaýew agzalýan obalaryň birindäki dükan müdiriniň anonim görnüşde beren gürrüňlerine salgylanyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri, şol sanda Serdar etrabynyň Söwda guramasy, Gumdag şäheriniň polisiýasy bilen habarlaşanda, bu maglumatlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

2016-njy ýylyň martynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan kararyna laýyklykda, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi we hususy eýeçilikdäki dükanlaryň tas ählisinde diýen ýaly çilimiň satuwy gadagan edildi.

Şondan bäri ýurduň döwlete degişli dükanlarynda çilim käte satuwa çykarylsa, käte dükan tekjelerinden ýitirim edilýär. Emma şol bir wagtyň özünde, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň tas ählisinde diýen ýaly çilimiň satuwy aç-açan görnüşde dowam edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG