Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň golaýynda awtobusyň otly bilen çaknyşmagy zerarly 19 adam wepat boldy


Otlynyň awtobusy kakmagynyň netijesinde 19 adamyň, esasan Özbegistanyň raýatlarynyň wepat bolandygy aýdylýar, Wladimir, 6-njy oktýabr, 2017.

Orsýetiň resmileri Moskwadan gündogar tarapda otlynyň awtobusy kakmagynyň netijesinde 19 adamyň, esasan Özbegistanyň raýatlarynyň wepat bolandygyny aýdýarlar.

Regional polisiýasy çaknyşygyň Moskwadan 190 kilometr uzaklykda ýerleşýän Wladimir şäheriniň golaýynda 6-njy oktýabrda ýerli wagt bilen 3:30 töwereginde bolandygyny habar berdi.

Ulagyň belgisi Gazagystana degişli. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Anuar Žainakow awtobusyň içinde 55 özbek raýatynyň we gazagystanly iki sürüjiniň bolandygyny habar berdi. Maglumatda azyndan bir çaganyň wepat bolandygy we azyndan bäş adamyň ýaralanandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG