Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow 'indi zerur däl' diýip, Ykdysadyýet ministrligini Maliýe ministrligine birikdirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, ýurdyň esasy ministrlikleriniň biri bolan Ykdysadyýet we ösüş ministrligini Maliýe ministrligine birikdirmek kararyna gelendigini habar berdi.

Bu karar Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Ýerli synçylar we ekspertler bu oýunlar üçin gurlan desgalaryň we täze halkara uçar menziliniň türkmen döwletiniň gaznasyna 7 milliard dollardan gowrak serişdä düşendigini, nebit nyrhlarynyň arzanlamagy we Russiýa, Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirmegi netijesinde, Aşgabadyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Emma prezident Berdimuhamedow Ykdysadyýet we ösüş ministrligini Maliýe ministrligine birikdirmek barada gelen kararyny bu ministrligiň öňünde goýlan wezipeleriň ählisiniň diýen ýaly tamamlanmagy, netijede onuň zerurlygynyň aradan aýrylmagy bilen delillendirmäge synandy.

Döwlet baştutany ýapylýan ministrligiň bitiren işleriniň hatarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Olimpiýa şäherjigi, zawodlar we fabrikler, demir hem-de awtomobil ýollary ýaly iri desgalaryň işe girizilmegini mysal getirdi. “Giň gerimli bu gurluşyklar hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly meseleleri netijeli çözmek üçin biz Ykdysadyýet we ösüş ministrligini döretdik” diýip, prezident aýtdy.

Emma ykdysatçy Hudaýberdi Orazow bu ministrligiň öňden hem bardygyny we onuň özüni sylaýan ýurtda hökman özbaşdak bolmalydygyny, ony Maliýe ministrligi bilen birikdirmegiň örän ýalňyşdygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Orazow Ykdysadyýet ministrliginiň funksiýasynyň güýçli bolmalydygyny, şu sebäpden oňa ykdysatçylaryň hökümetiň içindäki hökümet hökmünde garaýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de ykdysatçy Maliýe ministrligi bilen Ykdysadyýet ministrligniň funksiýalarynyň aýrydygyny, Ykdysadyýet ministrliginiň hökümete ýurduň içinde köpräk pul sowmagy teklip edýändigini, Maliýe ministrliginiň bolsa hasap-hesipli bolmaga, işleri ýagdaýa görä planlaşdyrmaga çagyrýandygyny, bu iki ministrligiň hemişe çekeleşikde bolmalydygyny nygtady.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary Berdimuhamedowyň prezidentliginiň on ýylynda gurlan iri, gymmatbaha desgalaryň köpüsiniň ykdysady esaslandyrmasynyň aýdyň edilmeýändigini belläp, olaryň özüni ödemek mümkinçiligine şübheli garaýarlar. Şundan çen tutulsa, Ykdysadyýet ministrligi ýurduň içinde köp pul sowmak meselesinde eýelän pozisiýasy üçin Maliýe ministrligine birikdirilýän bolmasyn diýen sorag hem döreýär.

Emma Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan türkmen ykdysatçysy H.Orazow Türkmenistanda S.Nyýazow döwründen bäri ministrlikleriň ýa ol ýerdäki spesialistleriň pikirleriniň diňlenmeýändigini, milliardlap harajat çykarylýan we özüni haçan ödejegi belli bolmadyk desgalar baradaky kararlaryň diňe prezident we onuň ýakyn töweregi tarapyndan kabul edilýändigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow dowam edýän ykdysady problemalaryň çäginde geçen ýyl ýurduň Nebit-gaz ministrligini ýatyrdy, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini togtatdy.

Soňra “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” gazuw-burawlaýyş edaralaryna, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli käbir bölümler ýapyldy. Emma türkmen hökümeti ýapylan edara-kärhanalaryň işlerini ýitiren işgärleri ýa-da olaryň işini ýitiren döwründe alýan maliýe goldawy, gaýtadan işe ýerleşdirilişi barada maglumat bermeýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow döwründe hem hökümetiň serişde ýetmezçiligi müňlerçe saglyk işgärini ştat kemeltmä düşürmek, regionlardaky saglyk öýlerini, Ylymlar akademiýasyny, Opera we balet teatryny ýapmak, mekdeplerde we ÝOJ-larda okuw möhletini kemeltmek, pensionerleriň pensiýasyny kesmek ýaly çäreler bilen çözülmäge çalşylypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG