Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigini tölegli sport merkezine öwürmek isleýär


Olimpiýa stadiony
Olimpiýa stadiony

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni,Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary tamam bolandan soňky ilkinji hökümet mejlisini geçirip, Oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komiteti ýatyrýandygyny, Olimpiýa şäherjigini tölegli sport hyzmatlary merkezine öwürmek niýetini yglan etdi.

Döwlet baştutany Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak, onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň içinde çözmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de BerdimuhamedowAziýa oýunlary üçin gurlan Olimpiýa şäherçesini düýpli üýtgedip, bu ýerde Milli sport we syýahatçylyk instituty üçin okuw-türgenleşik binýadyny döretmegi tabşyrdy.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, paýtagtyň her bir ýaşaýjysy şäherçä gelip, abonement satyn alyp,öz höwes bildirýän sportybilen meşgullanyp biler.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlary üçin gurlanOlimpiýa şäherçesiniň desgalary türkmen gaznasyna 5 milliard amerikan dollary möçberindäki serişdädüşdi.

Resmi metbugatda Oýunlardan öň berlen habarlara görä, bu çärä daşary ýurtlardan geljek müňlerçe adam üçin niýetlenip, sportsmenleriň ýaşamagy üçin 12 müň orunly ýaşaýyş jaý toplumy, sport emeldarlary üçin450 we 800 orunly iki sany bäş ýyldyzly myhmanhana hem guruldy.

Bu jaýlardan başga, 150 gektar meýdany tutýan Olimpiýa desgalary, şol sanda 45 müň tomaşaçy orunly stadiony, 6 müň tomaşaçy orunly tigir sürüş meýdançasyny, suw sportlary toplumyny, 5 km. aralyga uzaýan şäherçe içi hereket ulgamyny abat saklamak üçin müňlerçe işçiniň gerek boljagy çaklanylýar.

Bulardan başga, Oýunlary halkara derejesinde beýan etmeli metbugat wekilleri üçin iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan merkez, myhmanlaryň wagtlaryny manyly geçirmegi üçin kinoteatr, muzeý, kitaphana, bilýard zaly wesaz studiýasy hem guruldy.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan hökümete ýakyn çeşme türkmen hökümetinde Olimpiýa şäherçesiniň desgalaryny indiden eýläk nädip netijeli ulanmak barada anyk plan-pikiriň ýokdugyny, ony sport hyzmatlary üçin tölegli merkeze öwürmek niýetiniň bolsa hatda ýönekeý raýatlara-da gülkünç görünýändigini aýtdy.

“Adamlarda tölegli sport hyzmatlaryndan peýdalanar ýaly mümkinçilik ýok we sport desgalaryny ilatdan geljek tölegleriň hasabyna saklamak mümkin däl” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de çeşme soňky on ýylda gereginden has uly edilip gurlan onlarça binanyň, ofis, edara jaýlarynyň, köşkleriň, awtoduralgalaryň, hatda ýaşaýyş jaýlarynyň hem döwlet gaznasyna, sonuň bilen bir hatarda halka juda gymmat düşendigini, olaryň köpüsiniň özüni ödemekden geçen, goşmaça çykdajy talap edýändigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG