Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Moskwadan Anna Politkowskaýanyň ölümini buýranlary tapmagy talap edýär


Anna Politkowskaýa

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Orsýeti tanymal rus derňewçi žurnalisti Anna Politkowskaýany 2006-njy ýylda öldürmegi buýran adamlary tapmaga hem-de jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.

6-njy oktýabrda, Plitkowskaýanyň öldürilmegini 11-nji ýyl dönüminiň bir gün öňünden çap edilen beýanatda Döwlet departamentiniň sözçüsi Heather Nauert bu žurnalistiň makalalarynyň “Russiýada adam hukuklarynyň bozulyşynyň we Demirgazyk Kawkaz regionyndaky urşuň pidalarynyň çekýän jebir-jepalarynyň üstüni açandygyny” aýtdy.

"Biz Orsýetiň häkimiýetlerini bu aýylganç jenaýaty kimiň ýa kimleriň buýrandygyny, planlaşdyrandygyny we maliýeleşdirendigini anyklamaga we jogapkärçilige çekmäge çagyrmagymyzy dowam etdirýäris” diýip, Nauert aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy bolan Politkowskaýanyň erjellik bilen ýazan makalalary Russiýadaky ýokary derejeli korrupsiýanyň, Çeçenistan sebitindäki hukuk bozmalaryň üstüni açdy. Ol Moskwadaky kwartirasynyň alkymynda, 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda atylyp öldürildi.

2014-nji ýylda, bu jenaýat bilen ilteşiklilikde aýyplanyp, iki erkek ömürlik tussaglyga höküm edildi, üç adama bolsa dürli möhletlerde türme hökümi çykaryldy.

Žurnalistiň garyndaşlary we goldawçylary ony öldürmegi buýranyň kimdigi anyklanmasa we jogapkärçilige çekilmese, adalatyň dabaralanmajakdygyny aýdýarlar.

Politkowskaýa Wladimir Putiniň doglan gününde öldürildi we onuň ölüminiň prezidente edilen “sowgat” bolandygy barada gürrüňler ýaýrady.

XS
SM
MD
LG