Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Ukrainanyň territorial bitewiligini goldamagy wada berdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan

Kiýewe eden saparynyň dowamynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan öz ýurdunyň Ukrainanyň özygtyýarlygyny we territorial bitewiligini goldamagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

9-njy oktýabrda Erdogan özüniň ukrain kärdeşi prezident Petro Poroşenko bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda “biz Krym ýarymadasynyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini hiç haçan ykrar etmedik we etmeris” diýdi.

Şeýle-de, Erdogan Ankara türki dilli krym tatarlarynyň ýagdaýyny yzarlamagy dowam eder diýip, olaryň hukuklaryny goraýandygy üçin Ukraina sagbolsun aýtdy.

Russiýa Ukrainanyň Krym regionyny 2014-nji ýylyň mart aýynda anneksiýa etdi. Russiýa bu ýarymada goşun iberip, referendum geçirdi. Bu referendum onlarça ýurt tarapyndan bikanun diýlip ýazgaryldy.

Erdogan iki ýurduň öňümizdäki bir ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini 3,8 milliard amerikan dollaryndan 10 milliard amerikan dollaryna artdyrmak maksatlary barada ylalaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG