Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ortaça zähmet haky ýylda 10% artdyrylar


Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyldan bäri her ýylyň başynda aýlyklaryň 10% artdyrylýandygy yglan edilýär.

Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda ortaça zähmet haky her ýyl 10% artar. Bu bildiriş Ýaşulular maslahatynda ýurdy 2018-2024-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň dowamynda yglan edildi.

Şeýle-de, maslahatyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň okgunly depginler bilen ösýändigi, azyk bolçulygynyň döredilendigi öňe sürülse-de, aýlyklaryň wagtynda berilmän gijikdirilmegi; azyk harytlarynyň dowamly gymmatlamagy hem gytalmagy; ýurtdaky inflýasiýanyň derejesi ýaly meselelere asla-da aralaşylmady.

Gepiň gerdişine bellesek, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyldan bäri her ýylyň başynda aýlyklaryň, stipendiýalaryň we sosial posobiýeleriň 10% artdyrylýandygy yglan edilýär. Emma munuň yz ýany bazardaky harytlaryň bahalarynyň hem azyndan 20% ýokarlanýandygyna üns çekilýär.

“Ýyldan-ýyla aýlyklaryň [10%] artdyryljakdygyny aýdýarlar. Emma munuň yglan edilen pursady bazardaky harytlaryň, esasan-da azyklaryň bahasy dessine galýar. Beýdip, gaýtam bize has uly zyýan ýetirýärler” diýip, aşgabatly 60 ýaşlaryndaky Bossan daýza (ady üýtgedilen – red.) aýdýar.

Bu ýagdaýlaryň fonunda, häkimiýetleriň, bazardaky azyklaryň nyrhyny bir durkunda saklamak üçin, söwdegärlere basyş edip, harytlaryny kesgitlenen bahadan satmaklaryny talap edýändikleri aýdylýar. Munuň bolsa hem söwdagärlere, hem-de alyjylara ýaramaz täsirini ýetirýändigi nygtalýar.

“Mysal üçin, etiň söwdasyny alyp göräýeliň. Resmiler onuň kilogramyny 18 manatdan ýokary satdyrmaýarlar. Satyjylar özleriniň zyýana galýandyklaryny aýdyp, eti süňkdür öýken bilen garyp çekýärler. Jylky et gerek bolsa, onda gizlinlikde her kilogramyna 20 manat töläp almaly. Bu ýagdaýy beýleki harytlarda-da görse bolýar” diýip, Bossan daýza Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri ýurtda zähmet, pensiýa we talyp haklary, şeýle-de kömek pullary ýylda 10% köpeldilse-de, inflýasiýanyň örän ýokarydygyny, aýlyklaryň ilatyň durmuş zerurlyklaryny doly üpjün ederden pesdigini we şol sebäpli bazarlardaky gymmat harytlaryň hyrydarlarynyň-da o diýen köp däldigini aýdýarlar. Mundanam başga, ilatyň ýaşaýyş minimumy ýa-da bazar sebedi obada we şäherde näçä durýandygy nämälim bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, soňky ýylyň dowamynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň zähmet haklarynyň wagtynda berilmeýändigi, käbir edaralaryň işgärleriniň ştat sanynyň kemeldilýändigi barada dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Emma 9-10-njy oktýabr aralygynda geçen Ýaşulular maslahatynda bular barada ilat köpçüligine ne maglumat, ne-de düşündiriş berildi. Munuň tersine, ýurt resmileri we mediasy diňe ösüş sanlaryny getirmek bilen çäklendiler.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, halkara ekspertler Türkmenistanyň, şol sanda türkmen manadynyň energiýa bahalarynyň global arzanlamagy, şeýle-de ykdysadyýetiň ýeterlik diwersifikasiýa edilmän, esasan bir pudaga – gaz eksportyna bagly galmagy netijesinde, agyr kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG