Sepleriň elýeterliligi

Ýaşulular maslahaty (gaýtadan) Halk maslahaty bolar


"Ýaşulular maslahatyna Halk maslahaty diýmek bilen, onuň ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organy etmek planlaşdyrylýar"

Ýaşulular maslahatynyň dowamynda 2008-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän bu organyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we gurluşyny özgertmek teklip edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi orta atmagynyň yz ýany bilen, ol ýurduň Mej­li­si­ne, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­na we Ada­lat mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tasla­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri ber­me­gi tabşyryp, bu işleri etmek üçin “wagtyň garaşmaýandygyny” hem sözüne goşdy.

Prezidentiň bu tabşyrynyň yzy bilen ýurduň Mejlisiniň nobatdaky maslahaty geçirilip, onda “Türkmenis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da” we “Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion Ka­nun­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­na ga­ra­ldy.

Emma Mejlisiň dowamynda kabul edilen özgertmeler we geljekki Halk maslahatynyň ygtyýarlyklary barada häzirlikçe ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi. Ýöne ýatlap geçsek, Berdimuhamedow şu ýylyň fewralynda sözlän inaugurasiýa sözünde, Ýaşulular maslahatynyň statusyny parlamentiňkiden hem ýokarlandyrjakdygyny aýdypdy.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, Halk maslahaty 1991-nji ýylda gazanylan garaşsyzlygyň deslapky ýyllarynda esaslandyrylypdy. Ýurduň garaşsyzlykdan soňraky ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda bu topar türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklaryny, şol sanda döwlet işgärlerini, gullukçylary, telekeçileri, daýhanlary, jemgyýetçilik guramalaryny we beýlekileri öz içine alýardy.

Halk maslahaty üýtgetmeleriň girizilmegini teklip ederdi, aýdylyşyna görä, özleriniň wekilçilik edýän toparlary we adamlary tarapyndan Nyýazowy ömürlik prezident etmek ýaly pikirleri öňe sürerdi. Nyýazowy ömürlik prezident etmek teklibi 1995-nji ýylda başlansa-da, bu Halk maslahatyna 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda başartdy.

Belläp geçsek, 2002-nji ýylyň noýabr aýanyň aýaklarynda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyldy diýen habardan soňra, Nyýazow herekete geçmek üçin parlamente däl-de, Halk maslahatyna ýüz tutupdy.

Halk maslahatynyň 2003-nji ýylyň 14-15-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçen mejlisinde Maslahat ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organy edildi. Ondan ozal 2 - 3 müň aralygynda bolan agzalarynyň sany hem 2507-ä getirildi. Bu orunlary doldurmak üçin, 2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde saýlaw hem geçirildi.

2006-njy ýylyň dekabrynda S. Nyýazow aradan çykansoň, Halk maslahaty bir dokumenti gyssanmaç oňlap, parlamentiň başlygy Öwezgeldi Ataýewiň eldegrilmezligini ýatyryp, onuň tussag astyna alynmagyna we saglygy saklaýyş ministri Berdimuhamedowyň iş başyna gelmegine ýol açdy. Maslahat şol bir wagtyň özünde-de wagtlaýyn prezidentiň prezident saýlawlaryna goşulmagy baradaky konstitusion gadaganlygy-da ýatyrdy.

2008-nji ýylda Berdimuhamedowyň Konstitusiýa girizen üýtgetmeleri bilen Halk maslahaty ýatyrylyp, onuň ygtyýarlyklary parlamente we kanun çykaryjy organa berildi. Soňra bu boşluk Ýaşulular maslahaty bilen doldurylypdy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, häzir Ýaşulular maslahatyna Halk maslahaty diýmek bilen, onuň ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organy etmek planlaşdyrylýandygyny aýdýarlar.

“Mundan soňra ýurduň durmuşyna degişli islendik möhüm, şol sanda syýasy teklipler halkyň adyndan edilendigi öňe sürlüp, hiç hili bökdençsiz kabul ediler” diýip, atlandyrylmazlygyny soran türkmen hökümetine golaý bir çeşme aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG