Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze alnan 500 kombaýna garamazdan, býujet işgärleri pagta çekilýär


Pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat

Şu ýyl Özbegistanyň Türkmenistana 500 sany pagta ýygýan kombaýny satandygy barada özbek media serişdeleri habar berýär. Bu maglumat şu aýyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtdaky pagta ýygymynyň depgininiň pesliginden nägile bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Gazeta.Uz” neşiriniň maglumatyna görä, 4-nji oktýabrda Özbegistanyň parlamentiniň mejlisinde “Uzagrotehsanoatholding” döwlet guramasynyň başlygy Nodir Otajonow şu ýyl ýurtda 550 sany pagta ýygýan kombaýnyň öndürilendigini we onuň 500 sanysynyň Türkmenistana eksport edilendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Aşyr Kakabaýew, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Muhadow we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik daýhan birleşikleriniň her birine Özbegistanda öndürilen pagta ýygýan kombaýnlaryň ikisi berlipdir.

“Meselem, Köneürgençde mundan bäş gün ozal, Maryda üç gün, Lebaodada dört gün ozal ulanyp başlapdyrlar. Ýöne olar daýhan birleşiginiň doly eýeçiligine däl-de, ýygym tamamlanandan soňra ýa-da pagta ýygymy ýeňländen soňra, goňşy daýhan birleşiklerine geçirmek şerti bilen berlen pagta ýygýan maşynlar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew agzalan daýhan birleşiklerde pagta ekini bilen meşgullanýan daýhanlara salgylanyp gürrüň berdi.

Pagtaçy daýhanlaryň 10-a golaýynyň aýtmagyna görä, ýurda getirilen özbek pagta ýygýan kombaýnlaryň anyk sany resmi taýdan aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýöne olar her daýhan birleşigine ortaça iki kombaýnyň berlendigini göz öňünde tutanyňda, kombaýnlaryň her welaýatdaky sanynyň 60-dan geçýändigini çaklaýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu aýyň başynda ýurtdaky pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini boýun aldy. Ol munuň sebäbini pagta meýdanlaryna pagta ýygýan maşynlaryň az çykarylmagynda görýändigini belledi.

Şu ýyl Özbegistandan satyn alnan 500 kombaýndan başga, Türkmenistanda mundan öňki ýyllar satyn alnan tehnikalar hem bar. Olaryň arasynda Belarusda öndürilen “MTZ-80”, “MTZ-80N” we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda öndürilen “Keýs” we “Jon Dir” ýaly oba-hojalyk tehniklary, kombaýnlar bar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşmeleri ýurduň dört welaýatynda ýetişdirilýän pagta hasylyny el güýji, hususan-da býujet işgärleriniň mejbury zähmete çekilmegi bilen ýygmak kampaniýasynyň dowam edýändigini habar berýärler. Käte bu kampaniýa mekdep okuwçylarynyň hem çekilýändigi aýdylýar.

“Okuwçylary öňki ýaly mekdepleri ýapyp, pagta sürenoklar. Ýöne ene-atasynyň haýyşy bilen, mekdep direksiýasynyň arasynda dilden gelnen ylalaşyga görä, ‘ine, pagtam ýetidi, el güýjüm ýok. Şonuň üçinem gaýrat et, meniň çagamy boşat’ diýip, okuwçylaryň 10-15 gün pagta meýdanyna çykarylýandygy hakynda men häli-şindi eşidýän. Şeýle hem edaralarynda işleýänlere-de, ylaýtada, obada, oba ýerlerine golaý şäher mekdeplerinde, hatda awtoulaglaryň jemlenýän stansiýalaryndan hem işgärleriň pagta ýygymyna ugradylýandygy aýdylýar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar
Pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky ýene bir çeşmesi hem, şu günler regionyň ähli pagta meýdanlarynda diýen ýaly pagta hasylyny el güýji bilen ýygmagyň dowam edýändigini aýdýar.

“Ähli döwlet edaralarynyň işgärlerini pagta ýygymyna çekýärler. Olaryň käbiri diňe ýekşenbe günleri, käbirleri bolsa hepdäniň dowamynda pagta ýygýarlar. Öz ýaşaýan ýerinden 300-350 kilometr uzakdaky pagta meýdanlaryna ugradylýan býujet işgärleri, gijesi bilen şol ýerde bolýarlar. Bu ýerdäki ýaşaýyş şertleriniň öwerlikli däldigi aýdylýar. Pagta ýygymyna gitmek islemeýänler öz deregine hakyna adam tutup, olara her gün üçin 10 manat töleýärler” diýip, Azatlygyň efirde adynyň agzalmazlygyny soran çeşmesi gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan halkara guramalarynyň ençemesi tarapyndan pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet güýjünden we çaga zähmetinden peýdalanmakda tankyt edilýär.

2016-njy ýylyň maý aýynda “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, “IKEA” ýaly dünýäniň belli söwda brendleriniň, sermaýaçylarynyň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 çemesi wekili Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigine aladalanma bildirip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýörite hat ýolladylar we bu meselä üns bermegi talap etdiler.

Şu ýyl Türkmenistan pagta ýygymyna 30-njy awgustda başlady we prezident pagta hasylyny 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününe çenli tamamlamagy tabşyrdyr. Şu ýyl ýurtda 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG