Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýene ýygylýan pagtanyň azlygyndan nägile boldy


Elde ýyglan pagta
Elde ýyglan pagta

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek, ýagny bugdaý ekişini we pagta ýygymyny tizleşdirmek meselesine ünsi çekdi.

Prezident mundan öň bugdaý ekişini we pagta ýygymyny şu aýyň aýagyna, 27-nji oktýabrdabellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna çenli tamamlamagy tabşyrypdy.

TDH-nyň 2-nji oktýabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyndanberen maglumatynda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow bu gezek ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeýändiginden nägile bolupdyr.

Hususan-da prezident Ahal welaýatynyň Tejen, Sarahs we Ak bugdaý, Balkan welaýatynyň Etrek, Serdar we Bereket etraplarynda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigine ünsi çekýär. Emma TDH ýurduň beýleki welaýatlarynda hem şeýle kemçilikleriň dowam edýändigini habar berýär.

Türkmenistan şu ýyl bugdaý öndürmek boýunça göz öňünde tutulan hasyly ýetişdirip bilmedi weýurduň döwlet haryt-biržasynyň ençeme gezek daşary ýurtlardan azyklyk bugdaý satyn alandygy habar berildi. Şeýle-de Berdimuhamedow plan doldurmadyk welaýat häkimlerine käýinç berip, geljekde bu hili kemçilikler üçin jogapkär resmilerden berk hasap soraljakdygyny duýdurdy.

Türkmen hökümetiniň bugdaýdan soň esasyüns berýän ekini gowaça bolup, ýurtda indi iki onýyllyga golaý wagt bäri döwletiň talap edýän pagta hasyly hem her ýyl diýen ýaly gürrüňli bolýar. Sebäbi Türkmenistan ýurtda gurlan 20 töweregi egirme-dokma fabrigini pagta bilen üpjün etmekden daşary, daşary ýurtlara pagta hem satýar.

Döwlet baştutany 2-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynda gündelik ýygylýan pagtanyň hem möçberiniň azdygyny boýun aldy.

Türkmenistan pagta ýygymyna 30-njy awgustda başlady we bu ýyl ýurtda 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Ýygym başlanmazdan öň döwlet eýeçiligindäki metbugat oba hojalyk tehnikalarynyň hasyl ýygnamaga doly taýýar edilendigini habar berdi, prezident Berdimuhamedow döwletiň daýhanlaryň ýerden ýokary hasyl almagy üçin ähli şertleri döredýändigini tekrarlady.

Emma indi, prezidentiň sözlerine görä, gowaça meýdanlaryna çykarylan pagta ýygýan kombaýnlaryň sany az we şu sebäpden gündelik ýygylýan pagtanyň möçberi garaşylyşyndan az bolýar. Şu sebäpden ol bu ýagdaýlary düýpli seljerip, işleri degişli derejede ýola goýmagy talap etdi.

Mundan öň Berdimuhamedow agrosenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýerini täzeledi we ençeme gezek ýerleriň şorladylandygyny, her gektardan alynýan hasylyň derejesiniň pes bolmagynda galýandygyny boýun aldy. Şeýle-de ol daýhanlary ýaramaz işlemekde tankyt edi.

Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar prezidentiň bu pikiri bilen ylalaşmaýarlar we bugdaý, pagta önümleriniň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň ýyllarboýy pesligine galýandygyny, üstesine kärendeçiniň tehnika, dökün we suw töleglerinden soň özüne galýan girdejiniň maşgala eklemäge ýetmeýändigini, şu sebäpden on müňlerçe raýatyň daşary ýurtlardan iş gözlemäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Ikinji tarapdan, Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýär. IKEA söwda markasy, mejbury ýa erksiz zähmeti ulanmazlyk babatda “dogry ýörelgä eýermeýändigi üçin”, Türkmenistanda öndürilen pagtany ulanmaklyga gadaganlyk girizdi.

Sowet ýyllarynda türkmen pagtasy esasan mekdep ýaşyndaky çagalaryň, aýal-gyzlaryň güýji bilen ýygnalyp, sowatly adamlaryň ýetişmegine uly zarba uran bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerini ulanmak kada öwrüldi.

XS
SM
MD
LG