Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen migrantyny atyp öldürmekde güman edilýän ele salyndy


Stambul

Stambulda çörek önümlerini bişirýän ýerde türkmenistanly migrant işdeşini atyp gaçandygy aýdylýan şübheli Türkiýäniň Adyýaman diýen ýerinde, 9-njy oktýabrda ele salyndy.

Türk mediasynda ýaýran habarlarda beýan edilişine görä, owal ady "Murat D" höküminde aýdylan 37 ýaşyndaky Ýusuf Selim 23 ýaşyndaky Hoşgeldi Polatow atly türkmen zähmet migrantyna bile işleýän ýerinde ençeme gezek sapançadan ot açandan soň, Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Adyýaman şäherine gaçypdyr.

Wakadan soň ýurduň ähli ýerinde başladylan aňtaw çäginde Adyýaman şäheriniň Altynşäher mähellesiniň şehit Ahmet Ýyldyrym adyndaky polis merkeziniň işgärleri şäher merkezinde özüni şübheli alyp baran bir adamy saklapdyr. Polisiň geçiren barlagynda ol saklanan Stambulyň Şişli etrabynda bile işlän türkmen zähmet migrantynyň janyna kast etmekden aýyplanýan Ýusuf Selimdigi anyklanýar. Jenaýatda güman edilýän saglyk baglaryndan soň geçirilen soragda, sapançasyny wakadan soň Stambulyň Ýenikapy diýen ýerinde deňze zyňandygyny boýun alýar.

Ýatlap geçsek, Türk mediasynda ýaýran habarlara görä, waka 4-nji oktýabrda gije sagat 23:00 töwereginde Stambulyň Şişli etrabynyň Bozkurt mähellesiniň Feriköý-Kurtuluş şaýolunyň ugrunda ýerleşýän, bir çörek önümleri bişirilýän ýerde ýüze çykypdyr. Habarlarda aýdylyşyna görä, ol ýerde işleýän 37 ýaşyndaky Ýusuf Selim bilen 23 ýaşyndaky türkmenistanly migranty Hoşgeldi Polatowyň arasynda bilinmeýän bir sebäpden uruş turupdyr. Şonda Ýusuf S. elindäki sapançasy bilen türkmen migranty Hoşgeldä 7 gezek ot açyp, soň ol ýerden gaçyp gidipdir. Tüpeň sesini eşidip, çörek önümleri bişirilýän ýere gelen adamlar türkmen migrantynyň gana boýalyp ýatandygyny görüp, Tiz kömegi çagyrypdyr.

Derrew wakanyň bolan ýerine gelen tiz kömek topary türkmen migrant Hoşgeldi Polatowyň gülleler sebäpli aradan çykandygyny anyklapdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkiýe türkmen migrantlarynyň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Türkiýä eklenç üçin gelýändigi aýdylýan türkmen raýatlarynyň aglaba bölegi zähmet migranty we köpüsem köne pasportly bikanun ýagdaýda. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatlaryndan çen tutulsa, 2012-nji ýyldan bäri köne pasportly türkmen migrantlary bilen baglanyşykly geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Türkiýede soňky ýyllarda takmynan 200 müňe golaý köne pasportly we bikanun ýagdaýda türkmen migrantlarynyň bardygy çak edilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bikanun türkmen migrantlarynyň sanynyň köplügi olaryň Türkiýede yzygiderli ýagdaýda dürli kriminal işlere gatnaşmagyna sebäp bolýar.

Sözi jemläp aýtsak, jenaýatda pida bolan türkmen zähmet migrantynyň ykbaly barasynda degişli türkmen we türk taraplardan haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG