Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WSJ öz habarçysynyň Türkiýede gaýybana höküm edilendigini aýdýar


“Wall Street Journal” gazeti öz habarçylarynyň biriniň Türkiýede terrorçylykly propagandada aýyplanyp, gaýybana iki ýyl bir aý türme tussaglygyna höküm edilendigini aýdýar.

Aýla Albaýrak gadagan edilen kürt pitneçilerini goldaýan propaganda gatnaşmakda höküm edildi diýip, gazet özüniň 10-njy oktýabrda giçlik çap eden maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de habarda bu aýyplamalaryň kürt söweşijileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky konflikt barada 2015-nji ýylda çap edilen makala bilen ilteşdirilýändigi aýdylýar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Wall Street Journal” gazeti makalany deňagramly diýip gorady we Albaýrak suduň çykaran kararyny şikaýat etjekdigini aýtdy.

Albaýrak Finlandiýanyň we Türkiýäniň raýatlygyna eýe bolup, häzirki wagt Nýu-Ýorkda ýaşaýar.

Türkiýede gürrüňi edilýän sud işi hiç haçan köpçülige ýetirilmedi we türk häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan tassyklanmady.

XS
SM
MD
LG