Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaliforniýadaky ýangynda azyndan 23 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýitirim boldy


Kaliforniýada tokaý ýangynynyň söndürilen ýerlerindäki galyndylar. 11-nji oktýabr, 2017 ý.
Kaliforniýada tokaý ýangynynyň söndürilen ýerlerindäki galyndylar. 11-nji oktýabr, 2017 ý.

Birleşen Ştatlaryň demirgazyk Kaliforniýa regionynda ýagyn söndüriji ulaglaryň we adamlaryň ýüzlerçesi sebitde azyndan 23 adamyň ölümine, ýüzlerçe adamyň ýitirim bolmagyna we başga-da müňlerçesiniň öýsüz galmagyna sebäp bolan tokaý ýangynlaryny söndürmäge synanyşýarlar.

Kaliforniýanyň gubernatory Jerry Brown sebitiň demirgazyk okruglarynyň birnäçesinde, şeýle-de bu ştatyň günorta bölegindäki Orange okrugynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Tokaý ýangyny 8-nji oktýabrda gije döredi we oňa nämäniň sebäp bolandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar. Häkimiýetler ýangynyň döremegine, ýeliň badyna ýumrulan elektrik liniýalarynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Demirgazyk Kaliforniýada ýangyn döräp, jaýlara tutaşan mahaly, pida bolanlaryň käbirleri ukydady we şol sebäpli olar öýlerinden gaçyp ýetişmediler.

“Bu örän agyr, aýgytly we betbagtçylykly waka” diýip, 11-nji oktýabrda Kaliforniýanyň ýangyn gullugynyň başlygy Ken Pimlott habarçylara beren maglumatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG