Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-daky konsulhanasyndan baýdaklaryň ‘ogurlanmagyna’ protest bildirýär


Russiýanyň San Fransiskodaky konsulhanasy

11-nji oktýabrda Orsýet özüniň San Fransiskodaky boşan konsulhanasyndan, rus baýdaklarynyň ogurlanandygyny öňe sürüp protest bildirdi we Birleşen Ştatlaryny ýiti tankytlady. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ol aýyplama dessine garşylyk bildirdi.

Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasy özüniň rus dilindäki Twitter hasabynda binadaky baýdaklarynyň “ogurlanandygyny” aýtdy we bu ýagdaýy şu ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky betniýetli syýasy ar alşyklarda “iň soňky masgaraçylykly hadysa” atlandyrdy.

Biz amerikaly häkimiýetlerden döwlet nyşanymyzy gaýtarmaklaryny talap edýäris diýip, konsulhananyň depesinde parlaýan baýdagyň suraty bilen bilelikde paýlaşylan habarda aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti baýdaklaryň ogurlanandygyny ret etdi.

Russiýanyň San Fransiskoda ýerleşýän konsullyk binasyndaky baýdaklar hormat bilen aşak çekildi we seresaplylyk bilen binanyň içinde ýygnap goýuldy diýip, Döwlet departamentiniň bir resmisi habarçylara ugradan elektron hatynda mälim etdi.

Orsýetiň ilçihanasy özleriniň waka bilen bagly resmi protest bildirendiklerini habar berdi.

Biziň San Fransiskodaky konsullyk binamyzdan rus baýdaklarynyň ýyrtylyp aýrylmagy bilen bagly Amerikan tarapyna aýgytly protest ugratdyk. Konsulhana amerikan häkimiýetleriniň gözegçiligindedi diýip, Russiýanyň ilçihanasy özüniň websaýtynda rus dilinde çap eden beýanatynda aýtdy.

Beýanatyň iňlis dilindäki wersiýasynda welin ilçihana has bitarap äheň bilen “(baýdaklarymyzyň) aýrylmagy” diýen sözi ulanypdyr.

Biz bu hereketi örän betniýetli ädim hasaplaýarys diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Twitterde özüniň metbugat wekili Mariýa Zaharowany sitirläp: “Biz Orsýetiň diplomatik binasyndan rus baýdaklarynyň aýrylmagyny Birleşen Ştatlaryň Orsýete degişli döwlet nyşanlaryny depelemegi hökmünde kabul edýäris” diýen belligi paýlaşdy.

Waşington sentýabr aýynyň başynda Orsýetiň konsullyk binasynyň we Nýu-Ýorkdaky hem-de Waşingtondaky söwda edaralarynyň boşadylmagyna buýruk beripdi. Bu çäre Russiýanyň we Birleşen Ştatlaryň diplomatik wekilhanalarynyň gerimi we göwrümi boýunça deňeçerligi saklamaga gönükdirilip görlüpdi.

11-nji oktýabrda Orsýetiň Daşary işler ministrliginden bir resmi Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki diplomatik işgärleriniň sanynyň ýene-de azaldylmak talabyny gaýtalap, ony 300-e düşürmek haýbatyny atdy.

Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy we onuň 2016-njy ýyldaky saýlawlara gatyşdy diýilmegi bilen bagly meselelere gaýtawul hökmünde, Birleşen Ştatlarda Russiýa garşy sanksiýa çärelerini girizýän kanunyň kabul edilmegi bilen Orsýet, iýul aýynyň aýagynda, Amerikanyň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň sanyny 3-den 2 bölek azaldyp, ony 455-e düşürmegi talap edipdi.

XS
SM
MD
LG