Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Özbegistanyň medeniýet günleri geçiriler


Türkmen we özbek prezidentleri "Awazada", arhiw suraty.
Türkmen we özbek prezidentleri "Awazada", arhiw suraty.

13-15-nji noýabrda Türkmenistanda Özbegistanyň medeniýet günleri geçiriler. Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Annageldi Garajaýew bu barada anna güni geçirilenhökümet mejlisinde habar berdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Özbegistanyň medeni-döredijilik toparynyň hatarynda estrada artistleri, tans toparlary bolar, medeniýet günleriniň dowamynda özbek kinofilmleriniň görkezilişi, fotosuratlaryň sergisi we özbek wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligindäki duşuşygy planlaşdyrylýar.

Mundanam başga,Aşgabatda we Daşoguzda bilelikdäki medeni çäreleriň geçiriljegi aýdylýar.

Şeýle-de, Garajaýew şu ýylyň 1-2-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergi-maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

XS
SM
MD
LG