Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Okuwçylar sapaklardan doly boşadylyp, ‘marşirowkalara’ barmaly edildi


Mekdep okuwcylary

Aşgabatda 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk çärelerine, ýagny “marşirowkalara” mekdep okuwçylary çekilip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, geçen hepdäniň çarşenbe gününden bäri şäher mekdepleriniň her birinden degişlilikde 30-50 okuwçy sapaklardan doly boşadylyp, her gün sagat 12:00 töweregi Döwlet tribunasynyň öňünde geçirilýän “marşirowkalara” barmaly edildi.

“Geçen hepdäniň ortalaryndan başlap, her mekdepde ‘marşirowkalara’ gatnaşjaklaryň anyk sanawy düzülipdir. Olam mekdepdäki okuwçy sanyna we mekdebiň ýerleşýän ýerine görä, her mekdepden çekilmeli okuwçylaryň sany etrap, şäher bilim bölümleri tarapyndan berlipdir” diýip, aşgabatly synçy Amnamyrat Bugaýew ene-atalaryň we mugallymlaryň käbirine salgylanyp aýdýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk çärelerine 2-nji oktýabrda başlanyp, ilkibada oňa döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler, şol sanda mugallymlar, şepagat uýalary, lukmanlar we welaýat, şäher Drama teatrlarynyň aktýorlary, medeniýet işgärleri çekildi.

Bugaýew geçen hepdäniň ahyryndan başlap, “marşirowkalaryň” geriminiň güýçlendirilendigini we bu taýýarlyk çäreleriniň öňküsi ýaly şäheriň çetindäki stadionlarda ýa-da meýdançalarda bolman, ählisiniň bir ýerde, ýagny Döwlet tribunasynyň alnynda geçirilýändigini belleýär.

“Indi mekdep okuwçylary we çärä çekilenleriň ählisi taýýarlygy, ýagny ‘marşirowkany’ dabaraly ýörişiň boljak ýerinde, Döwlet tribunasynyň öňünde geçirilýär” diýip, Bugaýew aýtdy.

Aýdylmagyna görä, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem “marşirowkalara” gatnaşýan okuwçylaryň dabaraly ýörişde geýmeli eşikleri, olaryň öz hasabyna satyn alynmaly. Şol sebäpli taýýarlyk çärelerine gatnaşjak okuwçylaryň barjamly maşgalalardan saýlanandygy we mekdep ýolbaşçylarynyň olaryň ene-atalary bilen ýekebara duşuşyklary geçirip, eşikler üçin pul sorandygy aýdylýar.

“Mekdep mugallymlarynyň käbiriniň gürrüň bermegine görä, olar ata-eneleri mekdebe çagyryp, siziň çagaňyzy döwlet derejesinde geçiriljek uly çärä gatnaşdyrmak meýlimiz bar. Şol çärä gatnaşjaklara-da toý egin-eşigini alyp bermeli, gyzlar üçin ortaça 200 manady, oglanlar üçinem ortaça 300 manady ýygnap, şäher we etrap bilim bölümlerine tabşyrmaly. Şonuň üçinem şu gezekki çärelerde-de gaýrat ediň diýip, ata-eneler bilen gürrüň edilipdir” diýip, Bugaýew çagalary paýtagtyň 55-nji we 48-nji mekdeplerinde okaýan ene-atalaryň käbiri mugallymlaryň eden bu haýyşyna razylyk bildirse, käbiri garşylyk görkezdi diýýär.

Mundan iki hepde çemesi ozal, Aşgabadyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň käbiri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaly edilenleriň täze eşik tikinmelidigi we onuň işgärleriň öz hasabyna satyn alynmalydygy barada özlerine duýduryş berlendigini aýtdy. Şonda saglyk işgäri bu eşikler üçin aýal-gyzlaryň ortaça 300-400 manat, erkekleriň 700-800 manat çykdajy etmeli boljakdygyny belläpdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümine bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň tutuş ýurtda “ýokary derejede guramalaşdyrylýandygyny” tekrarlaýarlar. Emma köpçülikleýin çärelere işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň mejbury gatnaşdyrylýandygy barada kelam söz aýtmaýarlar. Şeýle-de, bu dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleriniň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada mesele gozgalmaýar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Aşgabadyň 55-nji we 48-nji mekdepleriniň degişli ýolbaşçylary bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG