Daşoguzda çagalar baglarynyň töleginiň telim esse ýokarlanmagy sebäpli dörän protest ýörişlerinden soň, ýerli resmiler çagalar baglarynyň işgärlerine ene-atalara ýokarky edaralara arza ýazmaga çagyryş etmezligi tabşyrýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri maglumat berýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, ýurtda döwlet tarapyndan halka mugt berilýän hyzmatlaryň tölegli edilmeginiň yz ýany bilen çagalar baglarynyň töleginiň hem 10 manatdan 80 manada çykarylmagy sebäpli, 10-njy oktýabrda şäher merkezinde nägilelik ýörişi geçirilipdi.
Wakadan bir hepde soň, ýagny 17-nji oktýabrda Daşogzuň welaýat bilim müdirliginde sebitiň mekdebe çenli edaralarynyň ýolbaşçylary çagyrylyp, ýörite ýygnak geçirilipdir.
Onda ýerli bilim ýolbaşçylary çagalar baglarynyň işgärlerinden tölegleriň ýokarlanmagyna arz edip, ýokarky edaralara şikaýat etmek ugrundaky ene-atalara çagyryşlaryny bes etmekleri talap edildi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, tölegleriň ýokarlanmagy bilen çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň sanynyň çürt-kesik kemelmeginiň fonunda, enekeler öz işleýän ýerleriniň ýapylmagyndan ýa-da ştat sanynyň kemeldilmeginden howatyr edip, ene-atalara häkimlige we Bilim ministrligine arza ýazmagy maslahat berip başlapdyrlar.
Neşiriň maglumatyna görä, çagalar baglaryndaky tölegleriň ýokarlanmagy bilen baglylykda ýazylan şikaýat-arzalaryň sany 25 müňden hem geçipdir. Häzirki pursat bolsa, resmileriň halk içindäki nägileligi gowşatmak üçin, basyş edip başlandyklary aýdylýar.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Azatlyk Radiosy Daşoguzda ene-atalaryň welaýat bilim bölümine garşy gurnan nägilelik ýörişinde, protestçilere "meseläni häkimlik bilen görüşmegi" maslahat beren töwellaçy magaryf resmisine maşgalasy bilen bilelikde galp aýyplamalar esasynda basyş edilýändigini habar beripdi.
Protest bolan güni gije sagat 12 töwereginde, howpsuzlyk işgärleri welaýat bilim bölüminiň şol töwellaçy resmisini öýünden tutup, Daşogzuň pasport edarasynyň ýanyndaky wagtlaýyn göz astynda tutulýan tussaghana äkidipdirler.
Azatlyk Radiosynyň çeşmesi töwellaçy işgäri ýerli häkimiýetleriň "halky döwlete garşy öjükdirmek we prezidentiň halkyň bagtyýarlygy üçin edýän aladalaryna garşy gelmekde" aýyplaýandygyny, onuň tussag edilmeginiň yzýanyndan hem Daşoguzyň bir çagalar bagynda işleýän aýaly bilen şäherdäki bir mekdebiň hojalyk işlerine seredýän oglunyň hem işinden boşadylandygyny gürrüň berdi.