Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň liderleri Trampyň garşylygyna garamazdan Eýranyň ýadro ylalaşygyna ygrarlylygy saklaýar


ÝB liderleriniň Tallinnde geçen sammitden soň düşen suraty. 29-njy sentýabr.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň garşy çykýandygyna garamazdan, Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynda onuň ýadro hereketlerini çäklendirýän aýratyn ähmiýetli ylalaşyga ygrarly galýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Ýöne muňa garamazdan, 28 agza ýurduň gatnaşmagyndaky Bileleşik Tährany onuň ballistik hüjüm programmalary boýunça we onuň Ýakyn Gündogarda durnuksyzlygy öjükdirmekdäki roly diýilýäni dorgusynda tankytlap, Trampyň gozgan meseleleri bilen razylaşýandyklaryny ýaňzydýar.

Biz Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyň talaplarynyň gol çeken taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda berjaý edilmegine doly ygrarly galýarys. Biz muňa Ýewropa Bileleşiginiň we regionyň wajyp howpsuzlyk bähbidi hökmünde garaýarys diýip, ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty Federika Mogerini 19-njy oktýabrda Brýusselde eden çykyşynda aýtdy.

ÝB-niň liderleri bilelikde beýanat ýaýradyp, Bileleşigiň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna doly ygrarly galýandygyny ýene-de bir gezek tassykladylar. Bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy beýanatyň ilkinji nusgasyna salgylanyp biraz ozal hem habar beripdi.

Tramp 2015-nji ýylda gol çekilen bu ylalaşyga garşy çykyp, geçen hepde Eýranyň öz borçlaryny berjaý edýändigine güwä geçmegi ret edeli bäri, Bileleşik ylalaşygy gorap saklamak babatda gaýrat sarp edýär we 19-njy oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Kongresine ylalaşygy puja çykarmazlyk üçin arza bilen ýüz tutdy.

Tramp 13-nji oktýabrda eden Ýüzlenmesinde Birleşen Ştatlaryň Kongresine Tährana basyş etmek üçin oňa garşy täzeden sanksiýalary girizýän mehanizmi işläp düzmek boýunça Birleşen Ştatlaryň ylalaşyk bilen bagly kanunçylygyny berkitmegi tabşyrdy.

Şeýle-de, Tramp Tähran bilen alty global güýjüň arasynda baglaşylan şertnamanyň talaplaryna laýyklykda, Eýranyň ýadro programmasyna girizilen çäklendirmäniň gutarýan wagtyny kesgitleýän kanunçylygyň aradan aýrylmagyny üpjün etmäge çalyşjakdygyny hem mälim etdi.

Ol özüniň ylalaşyk bilen bagly matlaplary amala aşmadyk ýagdaýynda ABŞ-ny ylalaşykdan çekmek haýbatyny atdy we şonuň üçin Kongresi hem-de ABŞ-nyň ýaranlaryny öz maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam bermäge çagyrdy. Tramp soňky çykyşlarynda-da atan haýbatlaryny gaýtalap gelýär.

Kongresdäki demokratlar we käbir respublikanlar ABŞ-nyň Ýewropadaky ýaranlarynyň tersine gitjek hereketlere baş goşup bilmejekdigini aýtdylar we olaryň beýanatlary Brýusseldäki sammite gatnaşan resmiler tarapyndan bellenip geçildi.

Köpsanly demokratlar we käbir respublikanlar prezidenti çäklendirmek üçin daşary syýasata özleriniň has işjeň gatnaşmalydyklaryny duýýarlar diýip, ÝB-niň resmileriniň biri Reuters-e gürrüň berdi.

Şonda-da ÝB-niň resmileri ylalaşyk boýunça geçiren gürrüňdeşliklerinde, Waşington täzeden sanksiýa girizmegi kararlaşdyran ýagdaýynda, Eýran bilen işleşýän ýewropaly maýadarlary oňaýsyz täsirden goramagyň aladasyny etmelidigine aýratyn ünsi çekdiler.

ÝB Eýran bilen baglaşylan ylalaşyga Günbataryň soňky ýyllarda gazanan iň uly diplomatik üstünliklerinden biri hökmünde garaýar. Ýewropaly liderler agzalýan ylalaşygyň ýatyrylmagy Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça gepleşik synanyşyklaryna-da zyýan ýetirer diýip, öz aladalaryny beýan edýärler.

ÝB-niň daşary işler ministrleri geçen hepde gürrüňi edilýän ylalaşygy “dünýäde ýadro yaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almakda we regionda howpsuzlygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýetli element” hökmünde jar edýän beýanaty kabul etdiler.

Trampyň Eýranyň ballistik programmlaryny soňlandyrmak barada edýän tagallalaryna goşulmak we Eýranyň Ýakyn Gündogarda gatalýan dartgynlylyklardaky roluna aladalanmak bilen bir hatarda, Ýewropaly resmiler, bu dawalara ýadro ylalaşygyndan üzňe, aýry ugurlarda seredilmelidigini aýdýarlar.

Eýranyň Rewolýusion gwardiýa korpusynyň 19-njy oktýabrda Günbataryň basyşlaryna garamazdan Eýranyň ballistik hüjüm programmasyny güýjetjekdigini, munuň ýurduň goragynda aýratyn ähmiýetlidigini aýdandygyny ýarym-resmi “Tasnim” agentligi habar berdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG