Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Gazagystandan almaly $100 million kömeginden ýüz öwürýär


Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Duýşenbek Zilaliýew

Gyrgyz hökümeti öz infrastrukturasyny Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň standartlaryna golaýlaşdyrmak üçin Gazagystan tarapyndan berilmeli 100 million dollar çemesi kömek baradaky ylalaşygy ýatyrmakçy bolýar.

Gyrgyzystan Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşige 2015-nji ýylyň awgustynda goşuldy.Bu bileleşige Belarus, Ermenistan, Gazagystan hem girýär. Gazagystan 2016-njy ýylyň dekabrynda Gyrgyzystana 100 million dollar kömek bermäge razy boldy.

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Duýşenbek Zilaliýew 20-nji oktýabrda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna hökümetiň bu ylalaşygy ýatyrmak baradaky taslama proýekti parlamente iberendigini, onuň gelýän günlerde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

"Bize indi ol pul gerek däl. Biz maliýe kömegini başga ýerlerden – ýa öz býujetimizden, ýa-da daşarky çeşmelerden gözläris” diýip, Zilaliýew aýtdy.

Bu çäre iş başyndan aýrylýan gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň Gazagystany 15-nji oktýabrda geçen prezident saýlawlarynyň kampaniýasyna gatyşmakda aýyplamagy bilen dörän dartgynlyklaryň yz ýanyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG