Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Yrakdaky eýranly güýçler ‘öýlerine dolanmaly’ diýýär


Şa Salmanyň howa bazasynda Reks Tilleron saud resmileri tarapyndan garşy alynýar.
Şa Salmanyň howa bazasynda Reks Tilleron saud resmileri tarapyndan garşy alynýar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson Yraga “Yslam döwleti” ekstremist toparyny ýeňmäge kömek eden we Eýran tarapyndan goldanylýan söweşijileriň “öýlerine dolanmak we yraklylaryň gözegçiligi gaýtadan yzyna almak” wagty geldi diýdi.

“Yslam döwleti topary bilen söweşleriň soňuna ýetilýän mahaly, Yrakdaky eýranly milisiýa güýçleriniň öz öýlerine dolanmak wagty ýetip geldi” diýip, Tillerson 22-nji oktýabrda Ýakyn Gündogara edýän saparynyň dowamynda aýtdy.

Tillerson Pakistana we Hindistana planlaşdyran saparlaryny amala aşyrmazdan ozal Katara bardy. Ondan öň bolsa, Riýadda saudy we yrak resmileriniň arasyndaky seýrek duş gelýän ýygnaga gatnaşdy.

Tillersonyň Pars aýlagyndaky ýurtlara edýän sapary prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň Ýakyn Gündogarda Eýrany üzňeleşdirmek tagallalarynyň bir bölegidir.

XS
SM
MD
LG