Sepleriň elýeterliligi

Dollar bilen harytlar hem gymmatlady


Türkmen resmileri we mediasy harytlaryň gymmatlamagynyň raýatlaryň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Türkmenistanda soňky birnäçe günüň dowamynda “walýutanyň gara bazarynda” dollaryň manada görä gatnaşygynyň hümmetiniň birdenkä ýokarlanmagy, bazardaky harytlaryň-da bahasynyň gymmatlamagyna getirdi.

Ýatlatsak, geçen hepdäniň aýagynda dollar rekord derejä, ýagny 8,50-9 manada ýetip, ol häzir hem gymmatlamagyny dowam etdirýär.

Bu ýagdaýlaryň fonunda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýurduň bazarlaryndaky tas ähli harytlaryň hem bahalarynyň artandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Lebap welaýatynda şu günki gün “gara bazarda” bir dollaryň 9,60 manada ýetendigi, şeýle-de azyklaryň nyrhlarynyň iki esse çemesi ýokarlanandygy aýdylýar.

Mysal üçin, mundan bir gün ozal kartoşka 2 manat bolan bolsa, häzir ol 3 manatdan satylýar; 4,60 manada duran şeker, häzir 6 manada galdy.

Şeýle ýagdaýlary paýtagtyň bazarlarynda hem synlasa bolýar. Aşgabadyň iň iri bazarlarynyň biri, il içinde “Mir bazary” diýlip atlandyrylan söwda nokadynda saýlama jylky etiň bahasy iki günüň dowamynda 32 manatdan 36 manada çenli galdy. Mundanam başga, pomidor sekiz manatdan dokuz manada; towuk eti 23 manatdan 25 manada çenli ýokarlandy.

“Garaz, adyny tutan islendik harydyň bahasy gymmatlady. Söwdegärler muny gönümel dollaryň gymmatlamagy bilen düşündirýärler. Olar ýagdaýlar şu durkuna dowam etse, bahalaryň mundan beýläk-de gymmatlajakdygyny aýdýarlar” diýip, ençeme söwdegärler bilen gürrüňdeş bolan Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi maglumat berdi.

Galyberse-de, bularyň ählisi Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründäki iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, aýlyklaryň gijikdirilýän, şeýle-de ozal ‘mugt’ berlen hyzmatlaryň ýatyrylan döwrüne gabat geldi.

Bu ýagdaýlarda ýurt raýatlary çykgynsyzlyga, alaçsyzlyga uçrandyklaryny aýdýarlar.

“Zähmet haklarymyz her aýyň 10-na berlerdi. Entegem hiç zat ýok... Durşuna bergide. Harytlar gitdigiçe gymmatlaýar. Çagalar baglarynyň hyzmatlaryny 10 esse artdyrdylar. Ýene-de bir hepdeden suwa, gaza, toga hem töläp başlarys. Nädip tölemeli, nädip ýaşamaly?!” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Lebabyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýurt resmileri we mediasy “gara bazarda” dollaryň barha gymmatlamagy, netijede harytlaryň bahalarynyň hem ýokarlanmagy; bularyň raýatlaryň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Tersine, ýurduň “bedew bady bilen özgerýändigi” bellenilip, gazanyldy diýilýän üstünlikleri “tassyklaýan” uly-uly sanlar getirilýär. Şeýle-de, ençeme million dollarlyk golf meýdançasy, uly “Ak öýi” ýaly obýektler bina edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG