Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz žurnalistiniň Türkmenistandaky tejribeleri


Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesiniň daşyndaky adamlar
Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesiniň daşyndaky adamlar

“Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýüzüni ilkinji gezek görenimizde, biz bulutlaryň ýokarsyndadyk. Türkmenistanyň prezidentiniň portreti ýurduň milli howaýollary kompaniýasynyň ähli ýerinde ýerleşdirilipdir. Berdimuhamedow dünýäniň iň awtoritar režimleriniň birine ýolbaşçylyk edýär” diýip, fransuz žurnalisti özüniň Türkmenistan barada taýýarlan ýörite wideo raportynyň başynda aýdýar.

“France 24” telekanalynyň Aksel Kosse lakamy bilen çykyş edýän žurnalisti geçen aý Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe Aşgabada sapar eden daşary ýurt žurnalistleriniň biri bolup, ol türkmen häkimiýetleriniň yzygiderli gözegçiligine garamazdan, mobil telefony arkaly türkmen paýtagtynyň gündelik durmuşyny gizlin we çäkli möçberde ýazgy etmegi başardy.

Kosse özüniň Aşgabadyň halkara aeroportuna baryp düşünden, tä gaýdýança ýazgy eden maglumatlary barada Fransiýa dolanandan soň, 15 minutlyk ýörite wideo raport taýýarlady. Raportynyň başynda ol Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary üçin ýapykdygyna, ýurda žurnalistleriň goýberilmeýändigine ünsi çekip, ýöne şu ýyl türkmen paýtagtynda geçirilen “Aşgabat-2017” oýunlary mynasybetli režimiň käbir žurnalistleri ýurda goýberendigini, aglabasyny bolsa yzyna ugradandygyny aýdýar.

“Berdimuhamedow 2007-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýar. Öňki stomatolog we Saglyk ministri Berdimuhamedow yzygiderli telewideniýede görkezilýär. Onuň döredilen şahsyýet kultuny [Demirgazyk Koreýanyň lideri] Kim Jong Unyňka deňeşdirip bolýar. Özüni Arkadag diýip atlandyrýan Berdimuhamedow aýdym-saza we sporta ýüregi bilen berlen. Aziýa oýunlaryny geçirmek onuň arzuwynyň hasyl bolmagy” diýip, fransuz žurnalisti dabaranyň açylyşynyň ägirt uly patriotik çärä öwrülendigini belleýär.

Ol “Aşgabat-2017” oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin sarp edilen maliýe serişdesiniň Rioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyňkydan hem köpdügi çaklanylýar diýip, çöllük territoriýada ýerleşýän Türkmenistanyň özüniň gaz baýlygy boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny ýatladýar. “Bu dabara prezident üçin öz režiminiň güýjüni görkezmegiň we ony mahabatlandyrmagyň bir ýoly” diýip, žurnalist aýdýar.

Kosse Aşgabada baran daşary ýurt media serişdeleriniň işgärleriniň ählisiniň olimpiýa şäherçesindäki täze gurlan myhmanhana ýerleşdirilendigini we her bir žurnaliste gara eşikli resmiler tarapyndan dolandyrylýan bir student gidiň berkidilendigini aýdyp, özleriniň interwýu almak üçin olardan rugsat soramalydygyny hem-de resmi marşrutdan çykmaly däldigini belleýär.

Şeýle-de, ol şäher turunyň dowamynda söwda merkezine hem barandyklaryny, ol ýerde adaty raýatlar bilen söhbetdeş bolmak islände, hiç kimiň interwýu bermek islemeýändigini, sebäbi ýurtda munuň çynlakaý netijeleriniň bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

“Hatda köçeleri arassalaýan müňlerçe köçe süpürijilere hem wideo düşmeli däldikleri barada duýduryş berlipdir. Olar wideo düşmekden gaça durdylar. Türkmenistanda polisiýa hem düzgünleriň berjaý edilmegine gözegçilik etmäge örän çynlakaý çemeleşýär” diýip, fransuz žurnalisti belleýär.

Şeýle-de, ol soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurtda ýüzlerçe žurnalistiň türmä basylandygyna, köpüsiniň urlup-ýenjilendigine, käbirleriniň bolsa ölendigine ünsi çekip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa “Aşgabat-2017” oýunlarynyň öňýanynda ölüm haýbatynyň atylandygyny, şondan soň onuň wagtlaýyn ýurdy terk etmeli bolandygyny hem ýatladýar.

Fransuz žurnalisti Aşgabatda mahaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny gurnaýjy kompaniýanyň wekili James Bulleye: “Siz Türkmenistanyň medeniýeti we taryhy barada režimiň propagandasyny döretmäge belli bir dereje ýardam berýärsiňiz. Adam hukuklaryny goraýan guramalar Türkmenistanyň dünýäniň iň repressiw ýurtlaryň biridigini aýdýarlar. Siz munda hiç hili problema göreňizokmy?” diýip soranda, ol şeýle jogap berýär:

“Biz bu günki ajaýyp çäräni gurnamak üçin Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan işleşdik. Biz esasy ünsümizi şuňa gönükdirdik. Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şowly we üstünlikli geçmegi üçin elimizden gelenini etdik” diýip, Bulleý özüniň mundan artykmaç hiç zat aýdyp bilmejekdigini belledi.

Fransuz žurnalisti bu interwýudan soň, özleriniň türkmen häkimiýetleri bilen söhbetdeşlik geçirmek synanyşyklarynyň başa barmandygyny aýdýar.

“Türkmenistandaky awtoritar režime garamazdan, tebigy gaz baradaky wadalar dünýäniň tanymal kompaniýalarynyň Aşgabada gelmegine sebäp bolýar. Berdimuhamedow hem Berlinde, Parižde, Londonda we Waşingtonda dünýä liderleri bilen duşuşmagyny dowam etdirýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň perspektiwalary hopukdyryjy we häzirlikçe tunneliň soňunda yşyk hem görünmeýär” diýip, fransuz žurnalisti raportyny jemleýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalary tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanylýar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, ol 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG