Prezident özüni “resmi taýdan” maliýe emläkleri meselesinde arassa saklaýan hem bolsa, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn töweregi, dostlary we garyndaşlary bilelikde $24 milliarda golaý baýlyga kontrollyk edýärler diýip, global derňew topary bilen garaşsyz rus gazetiniň bilelikde taýýarlan hasabatynda aýdylýar.
24-nji oktýabrda “Putin we proksiler” ady bilen çap edilen täze hasabatda Putiniň ýakyn töwereginiň “maşgala agzalarynyň, köne dostlaryň, maşgala agzasyna öwrülen dostlaryň garyşyk toplumyndan düzülendigi”, olaryň uly girdejili biznesleriniň ýa döwlet kontrollygyndaky nebit-gaz pudagy, ýa-da beýleki döwlet kompaniýalary bilen ilteşiklidigi aýdylýar.
Täze hasabatda Putiniň ýakyn töweregine girýän iň baý adamlaryň sanawy hem getirilýär, bu sanaw Guramaçylykly jenaýat we Korrupsiýa habarlaryny çap edýän proýektiň (OCCRP) bilelikdäki tagallalary esasynda düzüldi.
Halkara derňew habarlary platformasy onlarça girdejisiz merkez, žurnalistler, habar guramalary we Orsýetiň “Nowaýa gazeta” atly garaşsyz neşiri tarapyndan döredildi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.