Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri ‘toý eşigini’ almadyk studentlere, işgärlere gödek käýeýärler


Aşgabatda köpçülikleýin çärelere gatnaşýan stundetler we guramaçy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Aşgabatda köpçülikleýin çärelere gatnaşýan stundetler we guramaçy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň döwlete degişli edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşýan studentler we döwlet işgärleri bilen duşuşyklary geçirendigi we baýramçylyk çärelerinde geýmeli edilen eşikleri satyn almadyk “çäreçilere” köpçülikde gödek käýändikleri barada habar berilýär.

Bu barada Aşgabadyň Arhitektura we binagärlik institutynyň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentleriniň hem-de Aşgabadyň Dokma fabriginiň işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň berdiler.

“Ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň käbiri studentlere, özem köpçüligiň içinde, bile okaýanlarynyň ýanynda gaty gödek daraşypdyrlar. Her okuw jaýyndanam gatnaşanok diýenimizde 200-300 sany student gatnaşýar. Meselem, rektor, prorektor ýa-da Bilim ministrliginden gelen wekil ‘Siz näme üçin özüňize edilýän şunça ýagşylyga jogap berjek bolaňyzok? Hany sizde jogapkärçilik duýgusy? Hökümet stipendiýa töleýär. Bir aýlyk stipendiýaňyzy Garaşsyzlyk güni üçin sarp edeniňizde näme bolýar?’ diýip, studentlere gödek darapdyrlar” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew studentlere we döwlet işgärlerine salgylanyp aýtdy.

24-nji oktýabrda geçirilen bu duşuşyklarda ýokary okuw jaýlarynyň resmileri we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri şu ýyl tölegli fakultetlere okuwa giren studentlere ýurtda geçirilýän çärelere gatnaşmalydyklary we olara egin-eşikleri satyn almadyklary barada özleriniň we ene-atalarynyň öňünden duýdurylandygyny hem ýatladypdyrlar.

“Öň okuwa gireniňizde şu zatlar siziň we ene-atalaryňyz boýnuna dakyldy. Okuw töleginden başga-da şu zatlar üçin çykdajy etmeli bolarsyňyz diýip aýdyldy. Siz şu zatlara razy bolup okuwa girdiňiz, indi näme üçin aýdylýan zatlary ýarpy-ýalta ýerine ýetirýärsiňiz? diýlip, şu ýyl tölegli okuwa giren birgiden studentiň-de ýüzi alnypdyr. Kursdaşlarynyň arasynda aňňyrypdyrlar. Şol studentleriň käbiri ‘Men okamak üçin girdim, ýöne beýdip meni deň duşlarymyň arasynda kemsitmek nämä gerek?’ diýip, zeýrenýän, gözüne ýaş alyp gürrüň edýän studentlerem bar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, käbir ýolbaşçylar bolsa studentlere we döwlet işgärlerine, 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralarynda geýmeli edilen egin-eşikleri geçen ýyl şu çärelere gatnaşan “çäreçilerden” wagtlaýyn ýa-da kireýine sorap almagy maslahat beripdirler.

“Dileg ediň, bir günlük geýiň, ýöne ýekäňizem edilen talapdan üýtgeşik egin-eşikli bolmaly däl, diýipdirler” diýip, Bugaýew döwlet işgärleriniň we studentleriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümine bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk çäreleri, ýagny “marşirowkalar” oktýabr aýynyň 2-ne başlanypdy.

Şonda döwlet işgärleri we studentler baýramçylyk dabaralarynda geýmek üçin ýörite eşikleri satyn almalydyklary barada özlerine tabşyryk berlendigini aýdyp, bu eşikler üçin aýal-gyzlaryň 300-400 manat, erkekleriň 700-800 manat aralygynda pul serişdesini sarp etmeli boljakdygyny Azatlygyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň beripdiler.

“Ýurtda aýlyklaryň wagtynda berilmeýän, ýaşaýyş-durmuş harajatlarynyňam gün-günden gymmatlaýan wagtynda, aýlygymyzyň ýaryny diýen ýaly eşige sarp etsek, soň özümiz nädip gün görmeli? Çagalarymyzy nädip eklemeli?” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Aşgabadyň Dokma fabriginde işleýän bir zenan aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Garaşsyzlyk baýramçylygyna “ýokary derejede taýýarlyk” görülýändigini hem-de “ýurduň bedew bady bilen öňe barýandygyny” tekrarlaýarlar.

Emma olar studentleriň we döwlet işgärleriniň “marşirowkalara” mejbury gatnaşdyrylýandygy hem-de bu çärelere geýmeli eşikleri üçin sarp etmeli maliýe serişdeleriniň möçberi barada kelam söz aýtmaýarlar. Şeýle-de, bu taýýarlyk çäreleriniň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada hem mesele gozgalmaýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Arhitektura we binagärlik instituty, Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Aşgabadyň Dokma fabrigi bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

XS
SM
MD
LG