Wenezuelanyň demokratik oppozisiýasy Ýewropa Parlamentiniň 2017-nji ýyl boýunça pikir azatlygy ugrundaky Saharow baýragynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
26-njy oktýabrda kanun çykaryjy organ Wenezuelanyň aglabasy oppozisiýadan ybarat Milli assambleýasyny we latyn amerika ýurdundaky ähli syýasy tussaglary özüniň abraýly baýragy bilen sylaglady.
Wenezuela ençeme aý dowam eden syýasy we ykdysady krizisden ejir çekdi. Prezident Nikolas Maduronyň hökümeti ýurtdaky protestçiler we günbatar döwletleriniň hökümetleri tarapyndan barha awtoritar bolmakda aýyplanýar.
Şu ýylyň mart aýynda Wenezuelanyň Ýokary sudy demokratik ýollar bilen saýlanan Milli assambleýanyň kanun çykaryjylyk güýjüni ýatyryp, ýurduň konstitusiýasyny gaýtadan ýazmak üçin täze bäsdeş assambleýany döretdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.