Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew latyn elipbiýine geçmek Kararyna gol goýdy


Gazak latyn elipbiýi.
Gazak latyn elipbiýi.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew kirilden latyn elipbiýine geçmek baradaky planlary kesgitleýän Karara gol goýdy.

Prezidentiň websaýtynda çap edilen Karara görä, milli komissiýa 2025-nji ýyla çenli latyn elipbiýine geçmek boýunça çäreleri geçirer.

Gazagystanyň garaşsyzlygyndan bäri häkimiýet başyndaky Nazarbaýew eýýäm ençeme ýyldan bäri latyn elipbiýine geçmek barada çykyş edip gelýärdi. Aprelde ol 2017-nji ýylyň aýagyna çenli täze gazak latyn elipbiýini taýýarlamaga görkezme beripdi.

Gazagystan kiril elipbiýini 80 ýyl töweregi ulanypdy.

1929-njy ýylda sowet resmileri musulman döwletlerindäki arap elipbiýini latyn bilen çalyşypdylar. 1940-njy ýylda bolsa, olar kirile geçirildi.

Ozalky sowet respublikalary Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda latyn elipbiýine geçipdiler.

XS
SM
MD
LG