Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Eýrany BBC-niň žurnalistlerini gorkuzmazlyga çagyrdy


BMG-niň söz azatlygy boýunça ýörite hasabatçysy Dawid Kaye (David Kaye)
BMG-niň söz azatlygy boýunça ýörite hasabatçysy Dawid Kaye (David Kaye)

BMG-niň adam hukuklary boýunça iki bilermeni Eýrany BBC kompaniýasynyň žurnalistlerini gorkuzmagyny bes etmäge çagyrdy. Britaniýanyň media agentligi özüniň pars dilindäki işgärlerine garşy Tähran tarapyndan jenaýat işleriniň gozgalandygyny aýdyp, BMG-ä şikaýat bilen ýüz tutdy.

“Eýranyň häkimiýetleriniň BBC bilen islendik gatnaşyklara jenaýat hökmünde garaýan bolmagy ähtimal” diýlip, BMG-niň söz azatlygy boýunça ýörite hasabatçysy Dawid Kaye we Eýranda adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Asma Jahangir 27-nji oktýabrda bilelikde ýaýradan beýanatynda bellediler.

“BBC-niň pars işgärleriniň maşgala agzalaryna garşy hereketleriň güýçlenmegine biz aladalanýarys. Çäreler BBC-ä zarba urmaklyga we žurnalistleriň BBC-niň pars gullugy bilen kanuny işleşmeginiň öňüni almaklyga anyk gönükdirilýär” diýip, BMG-niň resmileri aýtdy.

2009-njy ýylda dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň Eýran BBC-niň pars dilindäki gullugynyň ýurtda işlemegine gadagançylyk girizdi.

Awgustda Tähranyň sudy agentligiň 152 sany işgäriniň, öňki işgärleriniň we habarçylarynyň Eýranda maliýe hasaplaşyklary geçirmegine gadagançylyk girizdi.

“BBC World Service” tarapyndan 2009-njy ýylda esaslandyrylan pars dilindäki gepleşikler Owganystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň pars dilli ýaşaýjylary üçin niýetlenýär.

XS
SM
MD
LG