Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barselona: Kataloniýanyň Ispaniýa bilen bütewüliginiň tarapdarlary ýöriş geçirýär


Ýüzlerçe protestçi Kataloniýanyň paýtagty Barselonada jemlendi
Ýüzlerçe protestçi Kataloniýanyň paýtagty Barselonada jemlendi

Ýüzlerçe protestçi Kataloniýanyň paýtagty Barselonada jemlendi. Olaryň Ispaniýanyň bütewüliginiň ugrunda uly demonstrasiýa geçirmegine garaşylýar.

29-njy oktýabrda geçirilýän bu ýöriş Madridiň merkezi hökümetiniň Kataloniýany awtonomiýadan mahrum etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Madrid bu kararyny Kataloniýanyň regional parlamentiniň garaşsyzlygyny yglan edensoň çykardy.

“Kataloniýa biziň ählimiz!” mazmunly şygar astyndaky bütewülik ýörişiniň Barselonanyň merkezinden geçmegine garaşylýar.

Regionyň Ispaniýanyň bölegi bolup galmagy ugrundaky ýene bir ýöriş Barselonada 8-nji oktýabrda geçirilipdi we oňa müňlerçe adam gatnaşypdy.

Şeýle-de, 27-nji oktýabrda müňlerçe adam Kataloniýanyň parlamentiniň regionyň Ispaniýadan bölünmegi boýunça geçiren ses berişliginiň yzýany garaşsyzlygy goldap çykyş edipdi.

Regional parlamentiň ses berişliginiň yzýany Ispaniýanyň senaty Madridiň Kataloniýany öz gözegçiligine almagy ugrunda ses berdi. Bu karar 214 ses bilen goldandy, 47 ses garşy çykdy.

XS
SM
MD
LG