Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada Siriýanyň parahat bolmagy ugrunda gepleşik geçýär


Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrundaky gepleşikler, Astana, 15-nji sentýabr, 2017
Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrundaky gepleşikler, Astana, 15-nji sentýabr, 2017

Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyry Gazagystanyň paýtagty Astanada başlandy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň ähli gatnaşyjylarynyň 30-njy oktýabrda barandygyny habar berdi.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak synanyşygy boýunça geçirilýän parahatçylykly gepleşikler iki sany aýra-başga görnüşde amala aşyrylar.

Astanada geçirilýän duşuşyklar bilen deň derejede BMG-niň howandarlygynda Ženewada hem gepleşik geçirilýär.

Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň araçylygynda Astanada geçirilýän gepleşikler Siriýada ok atyşygy bes etmek we söweşlere degişli beýleki meseleleri öz içine alýar. Gepleşiklere Siriýanyň hökümetiniň we käbir gozgalaňçy toparlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de bu gepleşiklere ABŞ, BMG we Iordaniýa öz wekillerini ýolladylar.

Orsýet we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýarlar, ABŞ we Türkiýe dürli gozgalaňçy toparlara goldaw berýärler.

XS
SM
MD
LG