Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň kampaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Manafort özüni federal häkimiýetlere tabşyrdy


Paul Manafort
Paul Manafort

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň kampaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Paul Manafort ýörite ýurist Robert Mýulleriň Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagynyň ähtimallygy we Trampyň ýaranlarynyň güman edilýän dildüwüşigi boýunça geçirýän derňewleriniň çäginde federal häkimiýetlere boýun boldy.

Manafort 30-njy oktýabrda Federal derňew býurosynyň Waşingtondaky edarasyna bardy.

Munuň öňüsyrasynda The New York Times we CNN Manafortyň we öňki biznes partnýory Rik Geýtsyň özleriniň federal häkimiýetlere boýun boljagy barada aýdandygyny ady görkezilmedik çeşmelerine salgylanyp, habar berdiler.

Manafort federal derňewlerinden gaçmak, bikanun pullary ýuwmak we daşary ýurtlaryň täsiri bilen bagly maglumatlary ýaşyrmak ýaly aýyplamalaryň esasynda derňew astyna düşdi.

XS
SM
MD
LG