Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň dil merkezinde okuw tölegleri üç esse ýokarlandyryldy


Türkmen ýaşlary

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Dil merkezinde üç aýlyk dil we kompýuter kurslarynyň tölegleri birden üç esseden hem köp ýokarlandyrylyp, 150 manatdan 500 manada çykaryldy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu barada çagalary agzalýan merkezde dil ýa-da kompýuter kursuna gatnaýan ene-atalara şu ýylyň soňky çärýegi üçin okuwlar başlandan tas bir aý soň, ýagny mundan iki-üç gün ozal duýdurylypdyr.

“Çagalary şol merkeze gatnaýan ata-enelere jaň edip, ýa-da olaryň käbirleriniň Dil merkezine çagyryp, 2017-nji ýylyň soňky iki aýy üçin ýene-de 350 manat tölemelidigini aýdypdyrlar hem-de mundan beýläk tölegleriň her 3 aý üçin 500 manat, tutuş ýyl üçin 2000 manat bolýandygyny aç-açan aýdypdyrlar. Deňeşdirmek üçin öň 1 ýyla 600 manat tölenen bolsa, indi 2000 manat tölemeli. Aratapawut 1400 manat bolýar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew çagalary gürrüňi edilýän Dil merkezinde okaýan ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öňki türkmen-türk uniwersitetiniň okuw jaýynda ýerleşýän hökümete degişli Dil merkeziniň resmileri ene-atalary tölegleri getirmedik çagalaryň sapaklara goýberilmejekdigi barada hem duýdurypdyrlar.

“Ata-enelere 1-nji noýabra çenli ol tölegi tölemeseňiz, onda çagalaryňyzy mekdebe getiribem oturmaň diýipdirler. Awtomatik usulda okuwdan çykarýarys diýipdirler” diýip, Bugaýew belledi.

Aýdylmagyna görä, Dil merkeziniň resmileri okuw tölegleriniň duýdansyz ýokarlandyrylmagynyň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermegi talap eden ene-atalara munuň “ýokardan berlen görkezmedigini” aýtmak bilen çäklenýärler.

“Ýöne has köp maglumat soraýan, ‘Näme üçin beýle bolýar? Muny esaslandyryň’ diýen ene-atalara ‘Tölemegiň kyn görýän bolsaň, honha çagaň alda gidiber’ diýip, auditoriýa tarap ellerini uzadýarmyşynlar” diýip, Bugaýew ene-atalara salgylanyp gürrüň berdi.

Belläp geçsek, bu Dil merkezinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi, şol sanda iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon dilleri günüň dowamynda – irdenki, öýlänki we agşamky kurslar esasynda çuňlaşdyrylan görnüşde öwredilýär.

Käbir ýerli synçylaryň we ata-eneleriň aýtmagyna görä, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň, daşary ýurt dilleriniň öwrediliş derejesiniň pesligi sebäpli, agzalýan Dil merkezine mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, ÝOJ-laryň studentleriniň we daşary ýurtlara söwda-satyk üçin sapar edýän raýatlaryň ýüzlerçesi hem uly gyzyklanma bildirýärler.

Ýatladyp geçsek, bu türkmen häkimiýetleriniň okuw tölegleriniň gymmatladylmagy bilen baglanyşykly girizen iň soňky çäresidir.

Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi paýtagt boýunça mugt bilim berýän we iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen 7-nji, 16-njy hem-de 27-nji mekdepleriň 1-nji noýabrdan başlap tölegli ediljekdigi barada mekdep ýolbaşçylarynyň özlerini duýdurandygyny gürrüň berdiler.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynda ýerleşýän we “Estetika mekdebi” diýlip atlandyrylýan ýöriteleşdirilen sungat mekdebinde bolsa, 1-nji noýabrdan başlap okuw tölegleriniň ýokarlandyrylyp, onuň bir aýlyk töleginiň 12 manatdan 75 manada çykaryljakdygy habar berildi.

Mundan öň, ýagny oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleri hem, paýtagtda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy.

Galyberse-de, şu ýylyň iýul aýynda türkmen metbugatynda Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlarynyň käbir fakultetlerinde okuwlaryň tölegli görnüşe geçiriljekdigi yglan edildi.

Bularyň ählisi, dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagy netijesinde Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Dil merkezi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG