Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen mekdepleriň tölegli ediljekdigi aýdylýar


Aşgabatda ýerleşýän orta mekdepleriň biri
Aşgabatda ýerleşýän orta mekdepleriň biri

1-nji noýabrdan başlap Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen mekdeplerinde okuwlar tölegli bolar diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

Neşiriň 25-nji oktýabrda beren maglumatynda okuw tölegleriniň başlangyç klas okuwçylar üçin 100 manat, ýokary klas okuwçylar üçin 150 manat möçberinde boljakdygy aýdylýar.

“Bu barada şu hepde welaýat bilim bölümleriniň we ýerli dolandyryş organlaryň ýygnagynda gürrüň edildi. Bu barada heniz resmi maglumat köpçülige ýetirilmedi” diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem tassyklaýarlar, ýöne olar şäherdäki ýöriteleşdirilen mekdepleriň aýlyk tölegleriniň anyk näçe boljakdygy barada häzirlikçe köpçülige maglumat berilmeýändigini aýdýarlar.

Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, paýtagt boýunça mugt bilim berýän we iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen 7-nji, 16-njy hem-de 27-nji mekdepleriň 1-nji noýabrdan başlap tölegli ediljekdigini we bu baradaky jikme-jik maglumatlaryň 31-nji oktýabrda mälim ediljekdigini belleýär.

“Ata-enelere jeň edipdirler hem-de 31-i güni öýlän sagat 5-de mekdeplere gelmeli diýip aýdypdyrlar. Ata-eneler munuň sebäpleri bilen gyzyklananda, ‘Birinjiden okuw ýylynyň ikinji çärýegi başlanýar. Galyberse-de, ýöriteleşdirilen mekdepler, bulara töleg giriziljek. Şol tölegleriň möçberini aýdarys. Ýöne [onuň möçberi barada] şu wagt bize [maglumat] gelip ýetenok’ diýipdirler. Şol mekdeplerde çagasy okaýan ene-atalar bilen mekdep administrasiýasynyň ýörite şertnamasy hem baglaşyljakmyşyn hem-de şertnamada töleg hem-de onuň möçberi, haýsy wagtlar tölenmelidigi barada gürrüň ediljekmişin. Onsoň ýygnaga gelersiňiz, şonda hemme zady düşündireris diýip aýdypdyrlar” diýip, Bugaýew agzalýan mekdepde çagalary okaýan ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, ol Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynda ýerleşýän we “Estetika mekdebi” diýlip atlandyrylýan ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň öňdenem töleglidigini, ýöne häzirki wagt bu mekdepde-de okuw tölegleriniň ýokarlandyryljakdygy barada eýýäm ene-atalaryň ýekeme-ýeke duýdurylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Çagalary ‘Estetika mekdebinde’ okaýan ene-atalara ‘aýyň 1-ne çenli getiriň. Öň her aýyna 12 manat töleg, indi her aýyna 75 manat çykýandygyny’ öýme-öý jaň edip aýdypdyrlar. Şeýle-de, olara noýabr, dekabr aýlary üçin tölegleriň 75 manatdan boljakdygyny, okuw ýylynyň ikinji ýarymy üçin, ýagny täze ýyldan başlap töleglere gaýtadan serediljekdigi aýdylypdyr” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, ýokarda agzalan mekdepleriň resmileri we Türkmenistanyň Bilim ministraligi bilen habarlaşanda haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Türkmenistanda ýöriteleşdirilen mekdepleriň tölegli boljakdygy ýa-da olaryň tölegleriniň ýokarlandyryljakdygy barada häzirlikçe türkmen metbugatynda-da ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda ilata indi 25 ýyla golaý wagt bäri ‘mugt’ berilýän hyzmatlar tölegli edilenden soň, çagalar baglarynyň aýlyk tölegleri paýtagtda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy.

Mundan öň bolsa, has takygy iýul aýynda türkmen metbugatynda Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlarynyň käbir fakultetlerinde okuwlaryň tölegli görnüşe geçiriljekdigi yglan edildi. Şondan soň, ýagny sentýabr aýyndan başlap paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň ýarysyndan gowragynda käbir fakultetleriň okuwlary tölegli edildi.

Sözümizi jemläp aýtsak, bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre, ýagny aýlyklaryň, talyp we pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň gijikdirilip berilýän we bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik edýän mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG