Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz üstünden türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak teklibini kabul etmeýär


Eýranyň birinji wise-prezidenti Eşak Jahangiri (sagda) Ermenistanyň energetike ministri Aşot Manukian bilen duşuşýar. 5-nji dekabr, 2016 ý. Tähran
Eýranyň birinji wise-prezidenti Eşak Jahangiri (sagda) Ermenistanyň energetike ministri Aşot Manukian bilen duşuşýar. 5-nji dekabr, 2016 ý. Tähran

Hazar deňziniň töweregindäki energiýa syýasaty çylşyrymlaşýar. Munuň şeýledigini Türkmenistany, Eýrany, Türkiýäni, Azerbaýjany we Ermenistany öz içine alýan soňky mysalda-da görmek bolýar.

Türkmenistanyň ýagdaý çynlakaý agyr. Dünýäde gaz gorlarynyň mukdary boýunça dördünji ýerde durýan Türkmenistanyň ýurduň ykdysadyýetiniň yza tesýär diýilýän wagtynda ýeke-täk alyjysy – Hytaý bolup durýar.

Şeýle ýagdaýda, ýurtdaky girdeji ýetmezçiligini we kimdir birine gysga wagtyň içinde gaz satmak zerurlygyny göz öňünde tutanymyzda, Türkmenistanyň öz gazyny islendik alyja satmaga isleg bildirmegi tebigy.

23-25 – nji oktýabr aralygynda peýda bolan habarlardan (çelgi 1, çelgi 2, çelgi 3) çen tutulsa, Türkmenistan öz gazyny Türkiýä akdyrmak üçin Eýrana alyş-çalyş ylalaşygyny teklip edýär. Şeýlelikde, türkmen gazy häzir gurluşygy dowam edýän transanatoliý gaz geçirijisijine, ýagny TANAP-a birikdirilip bilinjekmişin.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory, şol sanda ýurduň nebitgaz ministriniň orunbasary Hamid Reza Araki bu teklibe Eýranyň “meýilli” däldigini aýtdy.

Onuň gaýtaran jogabyny giňlär ýaly däl.

90-njy ýyllaryň aýagyndan bäri Türkmenistan demirgazyk Eýrana gaz akdyrýardy. Eýranyň agzalýan regiony ýurduň gaza baý günorta çägine kanagatlanarsyz birikdirilipdi.

2016-njy ýylyň aýagynda Türkmenistan Eýrandan onuň demirgazyk regionyna 2007-2008 – nji ýylyň gyşynda akdyran gazy üçin takmynan 2 milliard amerikan dollary möçberinde töleg talap etdi. Tölegiň anyk mukdary barada aýdyň maglumat ýok.

Eýran agzalýan tölegiň aşa ýokarydygyny aýdyp garşy çykdy we Türkmenistanyň şol gyşyň aňzagynda gazyň tölegini adatdakysyndan dokuz esse galdyryp, 1000 m3 gaz üçin 360 amerikan dollaryny sorandygyny öňe sürdi.

Täze ýylyň bosagasynda geçirilen gepleşikler oňşukly tamamlanana çalym etse-de, Türkmenistan Eýrana akdyrýan gazyny 1-nji ýanwardan kesdi. Şeýdibem, taraplar birek-birege golaýlaşman gelýärdi.

Eýran Türkmenistanyň şertnamany bikanun bozandygyny aýdýar we wagtal-wagtal Türkmenistana halkara arbitraž suduna arz etmek haýbatyny atýar.

Şeýle ýagdaýlaryň fonunda, Arakiniň Tähranyň Türkmenistana ýardam bermäge meýilli däldigini beýan etmegini geňlär ýaly däl.

Ýöne Araki türkmen teklibiniň Tähranda asla hoşniýetli garşylanyp bilinmezlik ähtimallygynyň ýene-de bir sebäbi barada aýdýar.

‘Biz alyş-çalyş operasiýalary arkaly özümize garşydaş ýurduň gazyny Türkiýä satmaga garşy’ diýip, Araki aýtdy. Onuň çykyşy hatda türkmen-eýran algy-bergi dawasy çözüläýen ýagdaýynda-da, Eýranyň türkmen gazyny Türkiýä eksport hyzmatdaşlyk ähtimallygynyň juda ýokarydygyny aňladýar.

Eýranyň demirgazyk çäginiň ugry bilen türkmen gazyny türk serhedine akdyrjak gaz geçiriji ýok, diýmek, Aşgabat alyş-çalyş isleýär. Ýagny, Türkmenistan demirgazyk Eýrana gaz eksport edýär, Eýran bolsa öz gezeginde demirgazyk regionynda sarp ediljek türkmen gazynyň mukdarynda gazy Türkiýä çykýan geçirijä akdyrýar. Şonda TANAP Türkmenistan üçin-de, Eýran üçin-de nygmat.

Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän uzynlygy 1840 km bolan TANAP gaz geçirijisi arkaly Azerbaýjanyň Hazardaky Şahdeňiz – 2 ýatagyndan, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gaz akdyrylmagy göz öňünde tutulyp, geçirijiniň öňümizdäki ýyl işe girizilmegine garaşylýar.

Ilkibaşda TANAP diňe Azerbaýjan gazyny akdyrar, ýöne soňlugy bilen gaz geçirijiniň kuwwatlylygy 60 milliard kub metre ýetirlende, beýleki döwletleriň gazyna-da ýer tapylar.

Türkmenistanyň şol döwletlerden biri bolasy gelýär, ýöne Eýran (şol sanda Yrak we demirgazyk-gündogar Siriýa) TANAP-y gaz bilen üpjün etmek üçin, has amatly ýerde ýerleşýär.

Muňa garamazdan, türkmen gazy günbatarda iň azyndan Azerbaýjana çenli akdyrylýar we Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Arakiniň sözlerine görä, bu şeýle bolmagyna-da dowam eder.

Araki türkmen gazyny Azerbaýjana geçirmek üçin alyş-çalyş etmäge Eýranyň garşy däldigini aýtdy.

Azerbaýjan gaz öndüriji ýurt, ýöne ol Döwlet nebit kompaniýasyna, ýagny SOCAR-a degişli saklawhanalaryň söwda potensiýalyndan aňryýany bilen peýdalanmak üçin tomus aýlarynda, haçan-da gazyň nyrhy pes wagty, türkmen gazyny satyn alýar.

Azerbaýjanyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň göwrümi barada habarlarda agzalmaýar, ýöne bu mukdar gaty köp däldir.

SOCAR saklawhanalarynyň üstüni ýetirmek üçin, tomus aýlarynda türkmen gazyny satyn alýar we soňra gyş aýlarynda ony satyp girdeji gazanýar.

Ermenistan hem şuňa meňzeş gepleşiklere umyt bildirýär. Ol türkmen-eýran gaz dawasyna araçylyk etmegi teklip etdi. Bu meselede ylalaşyk gazanylan ýagdaýynda, türkmen-eýran gaz çalşygy Ermenistany mawy ýangyç bilen üpjün edip biler.

20-nji oktýabrda Ermenistanyň energiýa ulgamy we tebigy serişdeler ministri Aşot Manukýan: “Biz Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz tölegi gatnaşyklaryny sazlaşdyrmakda öz kömegimizi teklip etdik we olar bu teklip bilen ylalaşdylar” diýipdir.

Elbetde, Aşgabat muny tassyklamady. Aşgabadyň näme üçin Ermenistanyň teklibi bilen ylalaşmandygyny aňmak kyn.

Manukýanyň çözgüdine görä, Eýran Ermenistana gaz akdyrmak arkaly öz bergisini ýapmaly. Ermenistan bolsa Tähranyň bergisini Aşgabada tölemeli, ýöne nagt hasaplaşyk arkaly däl-de barter, ýagny haryt bilen hasaplaşyk arkaly.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawasy turmazyndan ozal Eýran tölegi barter arkaly geçirýärdi.

Aşgabat Eýrana eksport ediljek ilkinji 3 milliard amerikan dollary möçberine barabar gaz mukdarynyň tölegini haryt we hyzmatlar arkaly hasaplaşmaga razylyk bildiripdi. Ýöne Eýranyň gaz importy gaty seýrek ýagdaýda 3 milliard dollardan aşandygy sebäpli Aşgabat bu ylalaşygy täzeden seljermegiň ugruna çykypdy.

Türkmenistanyň hökümetine haryt gerek däl, nagt pul zerur. Ynha, şol sebäpden Ermenistanyň teklibiniň Aşgabada ýaramlylygyny aňmak müşgil.

Galyberse-de, Türkmenistan ozalam 90-njy ýyllarda Ermenistana rus gaz geçirijileri arkaly gaz satypdy. Şonda Ermenistan yzygiderli ýagdaýda bergisini töläp bilmän kösenerdi.

Her niçigem bolsa, Manukýan Türkmenistanyň hatda ujypsyz ermeni gaz bazary üçin-de bäsleşmek ahmaldygyny ýaňzytdy.

Manukýan “eger-de Eýran has pesräk bahadan hödürlese” Ermenistanyň Eýrandan gaz satyn almaga taýýardygyny-da aýtdy.

Manukýan Ermenistanyň Orsýetden hem 1000 m3 gaz üçin 150 amerikan dollaryna gaz satyn alýandygyny belledi. Bu diýmeklik, eger-de Eýran we belki-de Türkmenistan şol bahadan pes nyrh kesse, oňa Ýerewanyň gyzyklanýandygyny aňladýar.

Şonuň üçin, Türkmenistanyň günbatara sary gaz akdyrmak mümkinçilikleri, iň gowy diýlende, çäkli.

Türkmenistanyň Eýrana swap, ýagny alyş-çalyş teklibini etmegi geň ýagdaý.

Türkmen-eýran gatnaşyklaryndaky ýyla çeken dawalardan soň türkmen resmileri öz edýän teklipleriniň Tähranda sowuk-sala garşylanjakdygyny bilen bolmaly.

Ýöne her näme-de bolsa, Aşgabat teklip etdi, sebäbi türkmen režiminiň ykdysadyýeti ýola salmagy üçin, örän az alternatiwasy we örän az wagty galdy.

XS
SM
MD
LG