Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tähranda geçirjek gepleşiklerinde Siriýany maslahat eder


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi (ç), Baku, 8-nji awgust, 2016
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi (ç), Baku, 8-nji awgust, 2016

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 1-nji noýabrda Tährana edýän saparynyň dowamynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen geçirjek gepleşiklerinde Siriýadaky krizisi maslahat etjekdigini Kreml mälim etdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň 31-nji oktýabrda žurnalistler üçin geçiren wideo şekilli konferensiýasynda aýtmagyna görä, “Siriýa bilen bagly meseleler rus-eýran ikitaraplaýyn gepleşikleriniň gün tertibinde bolar”.

Orsýet we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini goldaýarlar, ABŞ we Türkiýe dürli gozgalaňçy toparlara goldaw berýärler.

Şeýle-de, Putin Tährana edýän saparynyň dowamynda Rohani we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen üç taraplaýyn gepleşikleri geçirer diýip, Peskow belledi. Şeýle görnüşli gepleşikler ikinji gezek geçirilýär. Birinji duşuşyk geçen ýylda Aliýewiň inisiatiwasy bilen geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG