Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan öz gaz hyrydary Hytaýa doňdurma satyp başlady


Döňdurma satýan dükan, Türkmenistan

Türkmenistanyň energiýa girdejileriniň azalan döwründe Hytaýa doňdurma satyp başlandygy habar berilýär.

Krizisden ejir çekýän Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň eksportynyň ugruny üýtgetmek üçin ýol gözleýärkä, Hytaýa ilkinji gezek doňdurma satyp başlady diýlip, AFP agentligine salgylanyp, halkara media serişdeleri habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň wekili Ata Baýramow “Täze aý” atly öz hususy kärhanasynyň Hytaýa alty tonna doňdurma ugradandygyny habar berdi diýlip maglumatlarda bellenýär.

Türkmenistan barada maglumat çap edýän “Media türkmen” neşriniň maglumatyna görä, Hytaýa doňdurma önümini eksport eden “Täze aý” kärhanasy Maryda ýerleşýär. Bu kärhana Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi planlaşdyrýar. Türkmenistanyň doňdurma öndürijileri köpden bäri türkmen alyjylaryň ynamyny gazandylar, diýlip türkmen media serişdesiniň maglumatynda önümiň daşary ýurtlarda öndürlen önümlerden “has tebigilygy” we has amatly bahasy bilen tapawtlanýanygy bellenýär.

AFP agentliginiň Türkmenistanyň döwlet statistika komitetine salgylanmak bilen habar bermegine görä, şu çaka çenli Türkmenistandan Hytaýa hiç hili azyk önümi eksport edilmändir. Şeýle-de, maglumatda geçen ýylda Hytaýda Orsýetde öndürilen döňdurmanyň söwdasynyň artandygy bellenýär.

Şu çaka çenli Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary gaz sowdasyny we gurluşyk, ösen tehnologiýlar, oba hojalygy ýaly ugurlary öz içine alypdy.

Tebigy gazyna baý Türkmenistanyň öz tebigy gazynyň ýeke-täk hyrydary Hytaýa doňdurma satyp başlamagy baradaky maglumatlar ýurduň ýaňy-ýakynda çykdajyly “Aşgabat-2017” atly halkara sport ýaryşyny geçirmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistan üçin, düli çaklamalara görä, 10-15 milliard amerikan dollaryna duran bu oýunlaryň yzýany, ýurduň maliýe pudagynda kynçylyklaryň emele gelendigi habar berilýär. Ýurduň milli puly manadyň daşary ýurt walýutasy babatynda gara bazardaky nyrhy 20% çemesi gowşady, ilatyň banklardaky goýumlary we hyzmatlary üçin salgyt ýokarlandy, ilatyň öz girdejilerini nagtlaşdyrmak elýeterliligi çäkendirildi. Şeýle-de ýurtda nagt walýuta söwdasyna resmi gadagançylyk saklanyp galýar.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň esasy hyrydarlary Orsýetiň we Eýranyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi, şeýle-de dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy Türkmenistanyň Hytaýdan graşlylygyny güýçlendirdi.

Hytaý häzir türkmen gazynyň ýeke-täk hyrydary bolup durýar. Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyny 2009-njy ýylda gurlan gazgeçirijisi arkaly akdyrýar. Türkmen resmileri Hytaýa 2017-nji ýylyň dowamynda 38 milliard kubometre çenli gazyň akdyryljagyny habar beripdi, emma gazyň bahasyny mälim etmändi. Garaşsyz çeşmeler Türkmenistanyň öz gazyny Hytaýa bazar bahasyndan has arzan satýandygyny we Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijiniň gurluşygy üçin Hytaýdan alan bergisi bilen hasaplaşýandygyny aýdaýrlar.

Gaz baýlygyny 27 trillion kubometrden artyk diýip, kesgitleýän Türkmenistan öz gaz zapaslarynyň ululygy boýunça dünýä derejesinde dördünji ýerde durýandygyny aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG