Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýork hüjüminde güman edilýäne terrorçylyk aýyplamalary bildirildi; Tramp ölüm jezasyna çagyrdy


Nýu-Ýorkda ýük furgon ulagy bilen sekiz adamy öldürmekde güman edilýän özbek migranty Saýfulla Saipow

ABŞ-da prokurorlar Nýu-Ýorkda ýük furgon ulagy bilen sekiz adamy öldürmekde güman edilýän özbek migrantyna terrorçylyk aýyplamalaryny bildirip, onuň “Yslam döwleti” ekstremist toparyndan ruhlanandygyny aýtdylar.

1-nji noýabrda prokurorlar Manhattanyň suduna Saýfulla Saipowyň hassahanadaky otagyna YD-yň baýdagyny asmagy haýyş edendigini we onuň “öz eden etmişinden hoşaldygyny” aýdandygyny ýetirdiler.

Saipow maýyplar üçin niýetlenen arabada el-aýagy zynjyrly sorag edildi. Kazyýetiň oňa ölüm jezasyny bermegi mümkin.

1-nji noýabrda giç agşam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp öz Twitter hasabynda Saipowyň ölüm jezasyna mynasypdygyny aýtdy. Prezident “Nýu-Ýork terrorçysy hoşal... Ol 8 adamy öldürdi we 12 adamy agyr ýaralady. Ölüm jezasyny bermeli!” diýip ýazdy.

Prokurorlar Saipow hassahanada sorag edilende, özüniň kanuny hukuklaryndan ýüz öwrendigini we hüjümi aç-açan boýun alandygyny mälim etdiler.

Bu aralykda, Federal derňew býurosy, ýagny FBI gozgalan iş bilen bagly gözlenýän 32 ýaşly beýleki bir özbek raýaty Muhammadzoir Kadirowy tapandygyny habar berdi.

Kazyýet proseduralarynyň dowamynda öz hukuklary bilen tanyşdyrylýan wagtynda Saipow gaýta-gaýta kellesini kakdy. Saipowa rus dilini bilýän terjimeçi arkaly aýdylýan zatlar düşündirilýär.

Oňa kazyýetiň bellän adwokaty Dewid Patton Saipowyň özüni “örän agyryly duýýandygyny” we onuň Birleşen Ştatlaryň türmesinden muzdsuz tussaglykda saklanýan wagtynda garnyna alan ok ýarasyny bejermek üçin lukmançylyk kömeginiň berilmegine dowam edilmegini haýyş etdi.

“Gozgalan işe berilýän üns bilen bir hatarda, hemmeler kazyýet prosedurasynyň doly berjaý edilmegine üns berer diýip umyt edýärin” diýip, adwokat belledi. “Men size söz berýärin, kazyýet prosedurasynyň dowamynda jenap Saipowa çemeleşigimiz ol barada däl-de, biz barada örän köp pikir berer” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Saipowa 31-nji oktýabrda Bütindünýä söwda merkeziniň öňki “Twin Towers” binasynyň ýerleşen ýerindäki tigir ýodasynda öý gurluşyk dükanyndan kireýine alan ýük ulagyny tigirli we pyýada ötegçileriň üstüne sürüp sekiz adamy öldürmekde we on iki adamy ýaralamakda günä bildirilýär. Şeýle-de, oňa terrorçy topara material ýardam bermekde aýyplama bildirilýär.

Prokurorlar onuň el telefonlarynyň birinde 90 sany wideo bilen 3 müň 800 sany suratyň bardygyny we olaryň köpüsiniň YD bilen bagly propaganda materiallardygyny, şol sanda şekillerde YD tarapyndan kellesi kesilýän, atylýan ýa-da üstünden taňk ýöredilýän tussaglaryň görkezilýändigini habar berdiler.

Suduň dokumentlerinde Saipowyň “Halloween” gününi ýörite saýlap alandygy, sebäbi onuň şol güni köçe adamly bolar diýip pikir edendigi, netijede has köp adamy öldürmäge niýetlenendigi aýdylýar.

Suduň kagyzlarynda FBI-yň agenti Ember Taýri (Amber Tyree) Saipowyň ulagda sowuk ýarag bilen arap we iňlis dillerinde dini mazmunly bellik goýup gidendigini aýdýar.

Hassahanda sorag edilende Saipow özüniň el telefonynda tomaşa eden “Yslam döwletiniň” wideolary arkaly ruhlanandygyny, hüjümi mundan bir ýyl ozal meýilleşdirip başlandygyny we hüjümde ýük ulagyny ulanmagy mundan iki aý ozal kararlaşdyrandygyny aýdypdyr.

FBI-yň işgäri Taýri soňky hepdelerde Saipowyň internetden Nýu-Ýorkda “Halloween-iň” nirede geçiriljekdigi barada maglumat gözländigini, şeýle-de onuň nireden ýük ulagyny alyp boljakdygy hakynda internet arkaly gyzyklanandygyny aýtdy.

Saipow hüjüme öňünden taýýarlyk görmek üçin 22-nji oktýabrda ýük ulagyny kireýine alypdyr. Ol Bruklin köprüsinde has köp pyýada baryp urmak üçin ilkibaşda aşaky Manhattanyň ugrundaky tigir ýodasynda ulag sürmegi meýilleşdiripdir diýip, Taýri aýtdy.

Saipow hüjümiň dowamynda YD-yň baýdagyny ulagdan asmagy göz öňünde tutupdyr, ýöne soňra muny goýbolsun edipdir, sebäbi ol ünsi çekmek islemändir diýip, häkimiýetler aýdýarlar.

Nýu-Ýork polisiýasynyň aňtaw boýunça gullukçysy Jon Miller Saipowyň YD-yň Günbatarda hüjümi nädip amala aşyrmalydygy dogrusynda berýän görkezmelerini edil bolşy ýaly berjaý edene çalym edýändigini aýtdy.

Soňky ýyllarda YD-yň internet arkaly ýaýradýan maglumatlarynda öz adamlaryna ýaşaýan ýurtlarynda adamlary öldürmek üçin ulag, pyçak ýa-da el-ýüzdäki başga gurallary ulanmak tabşyrylýar.

2016-njy ýylyň ikinji ýarymyndan bäri şeýle gyrgynçylykly ulagly hüjümler Angliýada, Fransiýada, Şwesiýada, Ispaniýada we Germaniýada amala aşyryldy.

Saipowyň Nýu Jersi, Patersondaky goňşusy soňky üç hepdäniň dowamynda güman edilýäni we onuň iki dostuny meňzeş markaly kireýine alnan ulagda telim gezek görendigini aýtdy.

Miller Saipowyň hüjümden ozal derňew astynda bolmandygyny, ýöne onuň derňelýän adamlar bilen gatnaşyk saklandygyny mälim etdi.

Häkimiýetler Nýu-Ýork hüjüminde Saipowyň tigir ýodasynyň ugry bilen 1,5 km töweregi ýokary tizlikde ýük ulagyny sürendigini soňra mekdep awtobusyna baryp urandygyny aýdýarlar.

Ol ulagyndan böküp düşüp ikki elindäki ýasama ýaraglaryny galgadyp, arap dilinde “Hudaý beýikdir” diýip gygyrýan wagty garnyndan atylypdyr.

Hüjümde 5 argentinaly, 1 belgiýaly we iki amerikan wepat boldy diýip, häkimiýetler aýdýarlar. 12 adam ýaralanyp, hassahanadaky dokuz ýaralynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlarda bu hüjüm gysga wagtyň içinde syýasylaşdyryldy. Prezident Donal Tramp Saipowyň ýurtdaky statusyna salgylanyp, immigrasiýany çäklendirjekdigini, hususan-da “green card” wiza lottereýa programmasyny ýatyrmak isleýändigini aýtdy. Saipow 2010-njy ýylda Birleşen Ştatlara agzalýan lotereýa programmasy arkaly gelipdi.

Şol lotereýa programmasy sebäpli sakally Saipow Birleşen Ştatlaryň hemişelik kanuny ýaşaýjysydyr. Bu programma 1990-njy ýylda Jorj H. W. Buşuň prezidentlik döwründe iki partiýanyň hem goldamagyndaky immigrasiýa kanuny hökmünde kabul edilipdi.

Tramp Kongresden muny ýatyrmagy talap edip, “Biz has berkräk, has paýhaslyrak we syýasy taýdan has az dürsüräk” bolmaly diýdi.

Tramp Saipowy “haýwan” häsiýetlendirip, onuň Birleşen Ştatlara başga-da adam getirendigini we giňişleýin maglumat bermezden onuň 23 adamyň arasynda habarlaşygy üpjün edendigini aýtdy. Şeýle-de prezident Saipowy hökmany suratda Birleşen Ştatlaryň Kubadaky Guantanamo harby türmesine ýollamagy göz öňünde tutjakdygyny aýtdy.

Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sanders Saipowyň eden etmişi sebäpli Guantanamodaky beýleki tussaglar ýaly “duşman söweşiji” hökmünde kabul edilip bilinjekdigini aýtdy, ýöne beýle kanuny kesgitleme entek kabul edilmedi.

1-nji noýabrda Nýu-Ýorkuň ýolbaşçylary şäheriň hüjümden basylmajakdygyny, 5-nji noýabra meýilleşdirilen “Nýu-Ýork marafonynyň” bellenen tertipde ýöne has güýçlendirlen howpsuzlyk şertlerinde dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Bu çärä 2 million tomaşaçynyň we 50 müň gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Saipowyň tanyşlary onuň Ohaýoda ýaşan döwründe ýük ulagy sürüjisi bolup işländigini, ýöne onuň golaýda aýaly we üç ýaş çagasy bilen Nýu Jersä göçüp gelip, Uberde sürüji bolup işe başlandygyny aýdýarlar.

Özbegistanly beýleki bir ýük ulagy sürüjisi Mirrahmat Muminow Saipowyň jedelleşmegi halan adamdygyny we soňky döwürde ýük ulagy sürüjisi bolmakdan ýadap “durmuşdan närazy” bolandygyny aýtdy.

Muminow “Onuň hemmeler bilen närazyçylykly jedelleşmek gylygy bardy” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Şeýle-de Muminow Saipowyň ilki Birleşen Ştatlara geleninde o diýen dindar bolmandygyny we onuň internetdäki YD wideolary arkaly radikallaşan bolmagynyň ahmaldygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň özbek howpsuzlyk gulluklaryndaky bir çeşmesi Saipowyň ejesiniň, kakasynyň we 17 ýaşly gyz jigisiniň 1-nji noýabrda soraga çekilendigini mälim etdi. Bu çeşme jemgyýetçilikde çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň atlandyrylmazlyk şerti bilen gürrüňdeş boldy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 1-nji noýabrda Daşary işler ministrliginiň websaýtynda “öz hökümetiniň bu terror aktyny derňemäge ýardam bermek üçin öz güýçlerini we mümkinçiliklerini ulanmaga taýýardygyny” aýdyp beýanat ýaýradansoň, Özbegistanda bu iş boýunça derňew başlandy.

Özbek howpsuzlyk güýçleri ygtyýarsyz bolansoň anonim şertinde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňlerinde Saipowyň ene-atasynyň Daşendiň Uçtepa etrabynda ýaşaýandygyny we olaryň şäheriň Bektopi bazarynda söwdegärlik edýändiklerini aýtdylar.

Ilatynyň agramly bölegi musulmanlardan düzülen we öz raýatlary Ýakyn Gündogara we Owganystana baryp ekstremist toparlaryň hataryna goşulýan bu ozalky sowet respublikasynda döwletiň yslamçy ekstremizme garşy aladalarynyň artýan wagtynda özbegistanly resmiler Saipowyň maşgalasynyň üýtgeşik dindar däldigini aýdýarlar.

Prokurorlar Saipowyň ulagly hüjüm etmek barada YD-yň internetde ýaýradýan maslahatyna eýerendigini aýdýarlar. Yslamçy ekstremistler soňky 16 aýyň dowamynda Ýewropada pyýadalara garşy ulagly hüjümleri amala aşyrýarlar.

2016-njy ýylyň iýul aýynda bir adam Fransiýanyň Nisse şäherinde Bastille gününi belleýän mähelläniň üstüne agyr ýük ulagy sürüp 86 adamyň ölümine ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD topary öz üstüne alypdy.

Şondan bäş aý soňra YD-a wepalylyk kasamyny içen tunisly bosgun Berlinde “Roždestwo” baýramçylygy üçin guralan bazardaky mähelläniň üstüne ýük ulagyny sürüp 12 adamy öldüripdi we 48 adamy ýaralapdy.

Şu ýylyň aprel aýynda bosgunlyk arzasy ret edilen bir özbegistanly Stokgolmuň merkezindäki adamly köçeleriň birindäki söwda merkezini süsüp üç adamy öldüripdi. Bu hüjümi ýurduň premýer-ministri terror hüjümi atlandyrypdy.

17-nji awgustda bir sürüji Barselonanyň merkezinde köpçüligiň üstüne ýük ulagyny sürüp, 13 adamy öldüripdi. Şonda häkimiýetler bu hüjümi yslam jeňçiliginde güman edilýäniň amala aşyrandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG