Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslarynda köpüsinde plastik kartlar arkaly tölegleri amala aşyrmaga niýetlenen enjamlaryň işlemeýändigi barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.
Ýatladyp geçsek, paýtagtyň awtobuslarynda indi bir aýa golaý wagt bäri tölegleri plastik kartlar arkaly amala aşyrmak düzgüni ýola goýuldy. 1-nji noýabrdan başlap bolsa, awtous tölegleri 30 teňňeden 50 teňňä ýokarlandyryldy.
Azatlyk Radiosy awtobuslaryň köpüsinde plastik kart töleglerini kabul edýän enjamlaryň işlemezligi we munuň ýolagçylara ýetirýän täsirleri barada aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.