Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Orsýetiň üstünden Ýewropa gaz akdyrmagy göz öňünde tutýar


Häzir Türkmenistan diňe bir – Hytaý ugry boýunça gazyny akdyrýar.
Häzir Türkmenistan diňe bir – Hytaý ugry boýunça gazyny akdyrýar.

Aşgabat türkmen gazyny Orsýetiň üstünden Gündogar Ýewropa gaz akdyrmagyň mümkindigini aýtdy. Bu barada Reuters habarlar gullugy ýokary derejeli türkmen resmisiniň sözlerine salgylanyp maglumat berýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Moskwa geçen ýylyň başynda, Türkmenistandan gaz satyn almagyny bes edipdi. Orsýetiň türkmen energiýasynyň importuny togtatmagy, türkmen gazynyň ýeke-täk alyjy hökmünde diňe Hytaýa satylmagyna baglanyp, nagt girdeji ýetmezçiligi sebäpli, Türkmenistanda ykdysady gowuşgynsyzlyk döredipdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen energiýa konferensiýasynda, Orsýetden türkmen gazyna tranzit geçiriji hökmünde peýdalanmagyň mümkindigini aýtdy, ýöne ol häzirki wagtda bu meselede Moskwa bilen nähilidir bir gepleşik geçirilip-geçirilmeýändigi dogrusynda maglumat bermedi.

“Biziň demirgazyk sary işläp duran gaz geçiriji ulgamlarymyz bar, Türkmenistan şol gaz geçirijileri arkaly Orsýete we GDA ýurtlaryna ozalam tebigy gaz eksport edýärdi” diýip, Arçaýew Ukraina ýaly ýurtlary göz öňünde tutup gürrüň berdi.

Eger-de gazy satyn aljak döwletler we tranzit ýurtlar bilen özara ylalaşyga barylsa, häzirki bar bolan geçirijiler arkaly Türkmenistanyň tebigy gazy GDA ýurtlaryna we Gündogar Ýewropa akdyrylyp bilner diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Galyberse-de, türkmen resmisiniň bu çykyşy ýakynda rus prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol pursat energiýa ekspertleri saparyň dowamynda gaz meselesiniň agdyklyk etjekdigini çaklasalar-da, resmi maglumatda bu barada nähilidir bir gepleşikleriň geçirilendigi dogrusynda habar berilmedi.

Türkmenistan her ýyl 70 milliard kub metr gaz öndürýär. Mundan ozal Orsýet şol mukdaryň 40 milliard kub metrini satyn alýardy. Ýöne geçen ýyl Türkmenistanyň gaz eksporty bary-ýogy 37.3 milliard kub metre deň bolup, onuňam 29.4 milliard kub metri Hytaýa akdyryldy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistany, Eýrany, Azerbaýjany, Ermenistany we Türkiýäni öz içine alýan gaz gatnaşyklary hem gün tertibinde durýar. Mysal üçin, oktýabr aýynyň aýagynda peýda bolan käbir media maglumatlarynda soňky döwürde Türkmenistanyň öz gazyny swap, ýagny alyş-çalyş arkaly Eýranyň üstünden Türkiýä, ondanam transanatoliý gaz geçirijisine akdyrmagy Eýrana teklip edendigi barada habarlar çap edilipdi.

Ýöne Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory, şol sanda ýurduň nebitgaz ministriniň orunbasary Hamid Reza Araki bu teklibe Eýranyň “meýilli” däldigini aýdyp çykyş etdi. Mundan ozal, bu iki ýurduň arasynda gazyň tölegleri boýunça turan gaz dawalary sebäpli Türkmenistan 2016-njy ýylda Eýrana akdyrýan gazyny togtadypdy. Netijede, häzir Türkmenistan diňe bir – Hytaý ugry boýunça gazyny akdyrýar. Emma bu akdyrylýan gaz Hytaýyň ýatyran sermaýa bergisini üzmäge gönükdirilendir.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň peselmegi netijesinde, aglaba gaz eksportyndan gelýän girdejilere bil baglaýan Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigine üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG