Sepleriň elýeterliligi

Tramp Demirgazyk Koreýanyň ýadro howpuna garşy ähliumumy herekete çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp. 7-nji noýabr, 2017 ý.

Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň özüni we öz ýaranlaryny goramak üçin harby güýjüni doly depginde ulanmaga taýýardygyny aýdyp, Demirgazyk Koreýa duýduryş berdi. Ýöne ol konfliktiň öňüni almak üçin öz ünsüni “harby hereketlerden başga ähli gurallary” ulanmaga gönükdirendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Demirgazyk Koreýa tutuş dünýäniň hereketini talap edýän ähliumumy howpdyr” diýip, 7-nji noýabrda Seulde Tramp Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Biz Demirgazyk Koreýanyň biziň guran, döreden zatlarymyzyň ählisine wehim salmagyna rugsat bermeris” diýip, Tramp belledi.

Moon Demirgazyk Koreýa ýadro we ballistik raketa programmalaryndan ýüz öwürse, onda özüniň we Trampyň bu ýurdy “aýdyň gelejek” bilen üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.

XS
SM
MD
LG