Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ‘gara bazarlarynda’ dollar gaýtadan gymmatlady


Türkmen manady we amerikan dollary
Türkmen manady we amerikan dollary

Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň nyrhy gaýtadan ýokarlanyp, 7-nji noýabrda Aşgabatda 1 amerikan dollarynyň satyn alyş nyrhy 8 manat 40 teňňä, satyş nyrhy 8 manat 90 teňňä baryp ýetdi.

“Dollar şu gün irden gaýtadan gymmatlap başlady. Munuň günüň dowamynda ýene gymmatlajakdygy aýdylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýerli çeşmesi aýdýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň rekord derejä ýetmegi mundan iki hepde çemesi ozal bolupdy. Şonda amerikan dollary kem-kemden gymmatlap, onuň bahasy 9 manatdan hem geçdi. Munuň netijesinde, azyk we senagat harytlarynyň bahasy hem iki esse gymmatlady.

Ýöne mundan 10 gün çemesi öň, dollaryň bahasy gaýtadan aşaklap başlady. Şonda 1 amerikan dollary 7 manat 90 teňňeden satyn alnan bolsa, ony 8 manat 20 teňňeden satyp bolýardy.

Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy we onuň sebäpleri barada häzirlikçe ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilýär.

Emma paýtagtyň “gara bazarlarynda” dollaryň söwdasyny edýän söwdagärleriň ençemesi munuň sebäplerini ilatyň arasynda amerikan dollaryna bolan talabyň artmagy bilen düşündirýärler.

“Dollaryň gymmatlamagy ýa-da arzanlamagy durmuş şertleri bilen baglanyşykly. Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy golaýlaýar. Baýramçylyk üçin sowgatlaryň ýa-da süýji-köke önümleriniň aglabasy daşary ýurtlardan getirilýär. Daşary ýurtlardan haryt getirýän söwdagärler ‘gijä galaýmaýyn’ diýip, öňünden dollar satyn alyp, daşary ýurtlara gidip başladylar. Şeýlelikde, dollara bolan talap artdy. Bu hem dollaryň bahasynyň ýene gymmatlamagyna getirdi” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran “gara bazarda” dollar söwdasyny edýän söwdagär Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň gaýtadan ýokarlanmagy türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine nobatdaky çäklendirmeleriň girizilen wagtyna gabat geldi.

Şu hepdäniň başynda, Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumatda, mundan beýläk raýatlaryň daşary ýurtlarda bank kartlary bilen amala aşyryp bilýän gündelik amallarynyň möçberi 250 amerikan dollary diýlip kesgitlenendigi mälim edildi.

Bu maglumata laýyklykda, bir gije-gündiziň dowamyndaky nagt amallar 100 dollardan 50 dollara, nagt däl amallar hem 500 dollardan, 200 dollara çenli kemeldildi.

Ýatlap geçsek, mundan iki hepde çemesi ozal ýurduň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň birden gymmatlamagy hem, türkmenistanlylaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine çäklendirmeleriň girizilmeginiň yz ýanyna gabat gelipdi.

Şonda daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň bir gije-gündiziň dowamynda özleriniň halkara bank kartlaryndan nagtlaşdyryp bilýän pulunyň möçberi 250 amerikan dollaryndan 100 dollara çäklendirilipdi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň banklarynda dollaryň söwdasy resmi ýagdaýda togtadylyp, häzirki güne çenli ilata daşary ýurt walýutasy nagt görnüşinde satylmaýar. Ýurtda dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýan bolsa-da, onuň “gara bazardaky” bahasy barha ýokarlanýar.

Şol bir wagtda, daşary ýurtlarda söwda edýän we okaýan türkmenistanlylaryň manady resmi kurs arkaly daşary ýurt walýutasyna çalyşmagynyň ýeke-täk ýoly halkara bank kartlary bolup galýar.

Türkmen häkimiýetleri hökümet maslahatlarynda, şol sanda 1-nji noýabrda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen ýygnakda, ýurduň durmuş-ykdysadyýetinde “bolan ösüş depginleri” barada tekrarlaýarlar.

Emma dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, dollaryň gaýta-gaýta gymmatlamagy we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgamaýarlar.

XS
SM
MD
LG